Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azatlygyň Belarus gullugynyň ştatdan daşary habarçysy alty ýyl türmä höküm edildi


Andreý Kuzneçýuk

Belarusyň sudy Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň ştatdan daşary habarçysy Andreý Kuzneçýugy ekstremist toparyny döretmekde günäli tapyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada žurnalistiň ýakynlary gürrüň berdiler.

Maglumata görä, Mahilýou regional sudunda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen diňlenişik bary-ýogy birnäçe sagat dowam edipdir.

43 ýaşly žurnalist, şeýle-de sekiz ýaşly gyzyň we iki ýaşly oglanyň kakasy geçen ýylyň 26-njy noýabrynda huligançylyk aýyplamalary esasynda 10 gün tussaglyga höküm edilipdi. Kuzneçýuk şonda özüne bildirilen aýyplamalary ret edipdi.

Tussaglyk möhleti tamamlansa-da, ol türmede saklandy we soňy bilen oňa ekstremist toparyny döretmekde aýyplama bildirildi.

Kuzneçýugyň hossarlary onuň bigünädigini aýtmagyny dowam etdirýändigini hem mälim etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG