Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski: Sewerodonetsk ugrundaky söweş Donbasyň ykbalyny çözüp biler


Ukrain esgerleri
Ukrain esgerleri

Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň gündogaryndaky Sewerodonetsk şäheri ugrundaky söweşiň Donbasyň geljekki ykbaly üçin aýgytlaýjy bolup biljekdigini aýtdy. Rus basybalyjy güýçleri Ukrainanyň senagat taýdan möhüm şäherine garşy barha köp artilleriýa toplaryny atyp, ukrain goragçylaryny şäheriň çetlerine çekilmäge mejbur etdi.

“Şu günki, ýagny doly gerimli urşuň 105-nji günündäki maglumatlara görä, Sewerodonetsk Donbasdaky çaknyşyklaryň merkezi nokady bolmagynda galýar” diýip, Zelenski 8-nji iýunda eden çykyşynda belledi. Ol ukrain güýçleriniň öz pozisiýalaryny saklaýandygyny aýtdy we duşmanyň möhüm ýitgileri çekýändigini sözüne goşdy.

“Bu örän aldym-berdimli, gaty agyr söweş. Belki-de, tutuş urşuň dowamyndaky iň agyr söweş. Bu ugurda özüni goraýan ähli kişä we her bir kişä minnetdardyryn. Köp babatda, Donbasyň geljekki ykbaly häzir kesgitlenýär” diýip, Zelenski nygtady.

Luhanskyň häkimi Serhiý Haýdaýyň Telegram sahypasynda beren maglumatyna görä, rus basybalyjy güýçleri “Sewerodonetskiň aglaba sebitine gözegçilik edýär”, şol bir wagtda şäheriň senagat zolagy “henizem özleriniň gözegçiliginde” galýar.
Ol çaknyşyklaryň şäheriň köçelerinde dowam etdirilýändigini hem aýtdy.

“Ruslar ähli zady weýran edýärler” diýip, Haýdaý döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda belledi. “Olar tanklar we artilleriýa bilen ýaşaýyş jaýlaryny oka tutýarlar” diýip, häkim sözüne goşdy.

Sewerodonetsk ugrundaky söweşler eýýäm ençeme hepde bäri dowam edýär.
Rus basybalyjy güýçleri, fewralda Ukraina hüjüm etmeginden soň, ýurduň beýleki sebitlerinden yza tesdirilmegi netijesinde, häzir bar ünsüni Sewerodonetske gönükdirdi.

RBC-Ukraina neşiriniň Haýdaýyň sözlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, mundan birnäçe gün ozal ukrain ýörite güýçleri garşylyklaýyn hüjümlere girişip, şäheriň ýarpysyndan gowrak sebitini azat etmegi başarypdylar.

Emma ruslar sebite uzak aralykdan artilleriýa toplary we awiasiýa bilen zarba urup başlanyndan soň, ukrain güýçleriniň eýelän sebitlerinde galmagynda many galmandyr.

Haýdaý Sewerodonetsk bilen derýa arkaly serhetleşýän Lysyçanks şäherine hem zarba urulýandygyny aýtdy.

Haýdaýyň we Zelenskiniň berýän maglumatlaryny garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl.

Britan aňtaw gulluklarynyň 9-njy iýunda beren gündelik birifingine laýyklykda, rus goşuny Sewerodonetsk bilen birlikde, günortadaky Izýum şäherine hem hüjümlerini ýaýbaňlatdylar.

8-nji iýunda rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň galla önümleriniň eksportyny ýola goýmak meselesini maslahatlaşmak üçin, Türkiýede özüniň türk kärdeşi Mewlut Çawuşogly bilen gepleşikleri geçirdi.

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan esassyz urşunyň arasynda ýurduň deňiz portlaryny böwetlemegi bilen, dünýäniň esasy galla eksportýorynyň biri Ukraina toplan hasylyny daşary ýurtlara çykaryp bilmeýär. Basybalyjy rus goşunlary Ukrainanyň galla ammarlaryny hem nyşana tutýarlar.

Çawuşoglu Ukrainanyň deňiz portlarynda duran galla hasylynyň eksportyny gaýtadan ýola goýmak boýunça gepleşiklerde öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýtdy. Ol Ukrainanyň oba-hojalyk önümleriniň howpsuz geçmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň hemaýatynyň gerek boljakdygyny duýdurdy. Ol muny amal edip boljakdygyna ynanýandygyny hem sözüne goşdy.

Ukraina we Günbataryň köp hökümeti Russiýany dünýädäki azyk üpjünçiligi krizisini öz bähbitlerine ulanmakda aýyplaýarlar. Mundan öň, Moskwa halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň öwezine, Ukrain galla hasylynyň eksport edilmegine mümkinçilik döretjekdigini aýdypdy. Emma Günbatar hökümetleri bular ýaly ädimi ret etdiler.

XS
SM
MD
LG