Eýranyň Mugallymlar kärdeşler arkalaşygynyň Utgaşdyryjy geňeşi aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagyny we mundan öňki demonstrasiýalarda saklanan mugallymlaryň derhal boşadylmagyny talap edip, köçe protestleriniň täze tapgyryna çagyryş etdi. Tolgunyşyklar tutuş ýurda ýaýramagy dowam etdirýär.
Geçen aý Eýranyň birnäçe şäherinde Maý güni geçirilen demonstrasiýalaryň öň ýany dört mugallym tussag astyna alyndy. Bu demonstrasiýalar Eýranda Mugallymlar gününe gabat geldi. Geňeş 9-njy iýunda beren beýanatynda mugallymlar 17-nji iýun güni tutuş ýurt boýunça protest ýörişlerini geçirmeli diýdi.
Soňky hepdelerde geçirilen protestleriň biri bolan Maý güni ýörişinde mugallymlaryň iş şertlerine nägilelik bildirildi we aýlyklaryň göterilmegi talap edildi.
Şeýle-de, mugallymlar hökümeti reformalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmaga çagyrdy. Reformalara görä, mugallymlara zähmet haky tölenende olaryň iş tejribeleri we öndürijiligi has ýakyn nazarda tutulmaly.
"Geňeş agzalary anyk we gür ses bilen yglan edýär: biziň kärdeşlerimiz derhal we şertsiz boşadylýança we mugallymlaryň talaplary durmuşa geçirilýänçä, protestler dowam eder” diýip, beýanatda aýdylýar.