Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Talyban’ dört aýdan TOPH taslamasynyň gurluşygyny dikeltmegi wada berýär


Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow "Talyban" wekilleri bilen duşuşýar. Arhiw suraty. 29-njy sentýabr, 2021-nji ýyl.
Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow "Talyban" wekilleri bilen duşuşýar. Arhiw suraty. 29-njy sentýabr, 2021-nji ýyl.

Owganystanyň "Talyban" ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň Dag magdanlary we nebit-gaz ministrliginiň metbugat sekretary Esmatullah Burhan “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan” (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň ýurduň çäginden geçýän böleginde gurluşyk işleriniň ýene dört aýdan dikeldiljekdigini wada berýär. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” owgan metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Burhan transmilli taslamanyň gurluşyk işleriniň gaz geçirijiniň geçýän ugrundaky ýer eýeçiliginiň meseleleri zerarly gijikdirilendigini aýdy.

Burhan häzirki wagtda gurluşygyň başlamagy üçin zerur bolan ýerleriň takmynan 15 göteriminiň alynmalydygyny we bu meseläniň ýakyn wagtda çözüljekdigini aýtdy.

Şu ýylyň ýanwarynda Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň wekilleri Aşgabada sapar edip, TOPH taslamasynyň gurluşyk işleriniň mart aýynda dikeldiljekdigini mälim etdiler. Ýöne mart aýynda gaz geçirijiniň owgan böleginde gurluşyk işleri gaýtadan ýola goýulmady.

Türkmenistan TOPH taslamasy arkaly öz gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana eksport etmegi, şeýlelikde özüniň ýangyç eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistan, ýurtda soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häzirki wagtda öz gazyny esasan Hytaý ugry boýunça eksport edýär.

Awgustda Kabulda häkimiýeti ele geçiren “Talyban” häzirki wagtda dünýäniň hiç bir ýurdy tarapyndan, galyberse-de abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG tarapyndan ykrar edilmedi.

XS
SM
MD
LG