Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus dili Merkezi Aziýada öz ähmiýetini ýitirýärmi? (2-nji bölüm)


Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda rus diliniň häzirki abraýyna bagyşlanan söhbedetşligiň dowamy diňleýjileriň dykgatyna ýetirilýär.

Azatlyk Radiosynyň “Twitter giňişligi” Merkezi Aziýada rus diliniň häzirki ähmiýetini sorag astyna alyp, ýörite gepleşik taýýarlady. Gepleşigi žurnalist Bermet Talant alyp bardy. Söhbetdeşlige Gazagystandan sosiolog Isataý Minuarow, Gyrgyzystandan žurnalist we belli-meşhur “Kloop” habar saýtynyň egindeş esaslandyryjysy Bektur Iskender hem-de Özbegistandan aýallaryň hukuklary boýunça aktiwist Sewara Hamidowa gatnaşdy.

Dünýä Türkmenleriniň geçen sanynda biz bu söhbetdeşligiň birinji bölümini siziň dykgatyňyza ýetirdik. Ikinji bölüme geçmezden ozal, gepleşigiň geçen sanynda üns çekilen käbir pikir-garaýyşlary ýatlap geçeli!

Gatnaşyjylar Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan agressiýasynyň arasynda öňki-post sowet Merkezi Aziýada rus diliniň ähmiýetine syn berýär. Gepleşige gatnaşyjylar, rus diliniň, umuman, sebitde öz täsirini we ähmiýetini ýitirýändigini, ýerli dilleriň öňe saýlanýandygyny aýdýarlar.

Rus dili Merkezi Aziýada öz ähmiýetini ýitirýärmi? (2-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG