Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Hytaýyň Taýwanyň golaýyndaky ‘durnuksyzlaşdyryjy’ harby hereketlerini tankytlady


ABŞ-nyň goranmak sekretary Llýod Austin
ABŞ-nyň goranmak sekretary Llýod Austin

ABŞ-nyň goranmak sekretary Llýod Austin Hytaýyň Taýwanyň golaýyndaky alyp barýan “prowokasion, durnuksyzlaşdyryjy” harby hereketlerini tankytlady.

Austin 11-nji iýunda Singapurda geçirilen howpsuzlyk sammitiniň dowamynda eden çykyşynda Pekiniň Aziýa-Pasifik yklymyndaky agressiýasynyň hem artýandygyny belledi.

Hytaý şu ýyl ençeme gezek Taýwanyň howa hüjüminden goranyş zonasynyň çägine girdi.

Mundan öň, 10-njy iýunda Hytaýyň goranmak ministri Wei Fenghe eger-de ada özüniň garaşsyzlygyny yglan etse, onda Hytaýyň urşa başlamaga taýýardygyny aýtdy.

Taýwan ýyllarboýy Hytaýyň özüniň howa hüjüminden goranyş giňişligine girýändigi barada şikaýat edip gelýär.

XS
SM
MD
LG