Dünýäde ýadro ýaragyna eýe dokuz döwletiň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň we Russiýanyň öňümizdäki onýyllygyň dowamynda özleriniň ýadro ýarag arsenalyny artdyryp we döwrebaplaşdyryp başlamagy mümkin diýip, täsirli ylmy-barlag merkeziniň soňky hasabatynda bellenilýär.
Halkara Parahatçylyk boýunça Stokgolmyň Ylmy-barlag merkezi (SIPRI) 13-nji iýunda çap eden ýyllyk hasabatynda munuň “alada dörediji tendesiýadygyny” hem belledi.
“Ýadro ýaragyna eýe dünýäniň dokuz döwleti, ýagny Birleşen Ştatlar, Russiýa, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý, Hindistan, Pakistan, Ysraýyl we Demirgazyk Koreýa özleriniň ýadro arsenallaryny döwrebaplaşdyrmaga dowam etdirerler. Her niçik hem bolsa, 2021-nji ýylyň ýanwary bilen 2022-nji ýylyň ýanwary aralygynda dünýädäki ýadro ýaraglarynyň sany az-owlak azaldy” diýip, SIPRI beýanatynda nygtady.
“Sowuk urşy gutarandan bäri dünýädäki ýadro arsenallarynyň sanynyň azaldylmagynyň soňy gelendigine açyk yşaratlar bar” diýip, SIPRI-niň köpçülikleýin gyryş ýaraglary programmasynyň ýokary derejeli ylmy işgäri we Amerikan Alymlarynyň Federasiýasynyň Ýadro maglumat boýunça proýektiniň direktory Hans M. Kristensen belledi.