Täjik resmileri ýurduň Gorno-Badahşan awtonom sebitinde iki “jenaýat ketdesiniň” öldürilendigini habar berdiler. Bu Merkezi Aziýa döwletiniň gowgaly sebitinde geçirilen hökümete garşy protestlerden soň ýüze çykan tussag etmeleriň we öldürmeleriň ýene biri boldy.
12-nji iýunda täjik kanungoraýjy gulluklarynyň beren maglumatyna görä, Zoir Rajabow we Hursand Mazorow “häkimiýetleriň tabyn bolmak talaplaryny ret edenden soň”, olar “ýörite operasiýanyň” dowamynda “ýok edilipdir”.
Resmiler operasiýanyň dowamynda olaryň 10 “şäriginiň” hem saklanandygyny mälim etdiler.
Maglumata görä, Rajabow we Mazorow 1990-njy ýyllardaky Täjigistandaky graždançylyk urşunda hökümete garşy söweşen ozalky meýdan kommandiri Imomnazar Imomnazarowyň egindeşleri bolupdyrlar. Ol 2012-nji ýylda öldürildi. Şol bir wagtda, hökümet onuň ölümine ilteşiginiň bolmandygyny aýdýar.
50 ýaşlaryndaky Rajabow we Mazorow Gorno-Badahşan awtonom sebitinde raýat aktiwistleri hökmünde tanalýarlar. Emma häkimiýetler olara dowamly “Horughdaky jenaýatçy toparlaryň ýolbaşçylary” hökmünde ýüzlenýärler.