Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aziýa bazarynda, Russiýa bilen dörän bäsdeşlik sebäpli, eýran nebitiniň eksporty peselýär


Nebit tankeri (arhiw suraty)

Eýranyň nebit-gaz eksporty, Aziýa bazarynda Russiýa bilen dörän bäsdeşlik sebäpli, tas ýarpy esse kemeldi diýip, nebit tankerleriniň hereketine gözegçilik edýän Kepler maglumat kompaniýasy mälim etdi. Günbataryň aglaba ýurdy Russiýanyň Ukraina garşy başladan sebäpsiz urşy sebäpli rus energiýa serişdelerinden ýüz öwürdi.

Kepler kompaniýasynyň 13-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy – Radio Farda beren maglumatynda maýda ýüklenen Eýranyň çyg nebitiň we gaz kandensatynyň mukdarynyň günde 400 müň barrele deň bolandygy bellenilýär. Bu görkeziji aprelde 820 müň barrele we martda 908 müň barrele barabar bolupdy.

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina hüjüm etmegi netijesinde, Günbatar ýurtlary rus nebitine sanksiýa girizdiler.

Russiýa energiýa serişdelerine gaçan talaby Aziýa bazarlaryna eksporty artdyrmagyň hasabyna doljak bolýar. Moskwa bu bazar üçin çyg nebitiniň bahasyny her barrel üçin 30 dollar kemeltdi. Bu Eýranyň arzanladylan bahadan hödürleýän nebitiniň her barreliniň bahasyndan 10 dollar köpdür.

Häzir Eýranyň martda we aprelde ýüklän 40 million barrele golaý nebiti tankerlerde täze müşderileriň tapylmagyna garaşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG