Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny türmeden näbelli bir ýere äkidildi


Nawalnynyň has berk düzgünli jeza koloniýasyna iberilmegine garaşylýar.
Nawalnynyň has berk düzgünli jeza koloniýasyna iberilmegine garaşylýar.

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny jeza koloniýasyndan näbelli bir ýere äkidildi diýip, Kreml tankytçysynyň egindeşleri mälim etdiler.

“Alekseý Nawalny 2-nji belgili düzediş koloniýasyndan äkidildi. Ony görmek islän aklawçysy kabulhanada öýlän sagat 2-ä çenli garaşdyryldy. Soňra-da, oňa: ‘Bizde bular ýaly tussag ýok. Biz Alekseýiň häzir nirededigini we haýsy koloniýa alnyp barylýandygyny bilmeýäris’ diýip, jogap berdiler” diýip, Nawalnynyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Ýarmyş Nawalnynyň eýýäm ony öldürmek islän režim bilen ýekelikde ýüzbe-ýüz galandygyny nygtap, bu sebäpli onuň anyk haýsy ýere äkidilendigini dessine anyklanmalydygyny aýtdy.

Ýarmyş Nawalnynyň 6-njy belgili düzediş koloniýasyna geçirilendigi baradaky maglumatlaryň entek tassyklanylmalydygyny hem sözüne goşdy.

Nawalnynyň has berk düzgünli jeza koloniýasyna iberilmegine garaşylýar.

Mundan öň, maýda Moskwanyň şäher sudy Nawalnynyň martda kezzaplykda aýyplanyp özüne çykarylan dokuz ýyllyk türme tussaglyk hökümine garşy şikaýatyny ret edipdi.

XS
SM
MD
LG