Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: 2021-nji ýylda bosgunlaryň sany rekord derejä ýetdi


Köp sanly ukrainaly Russiýanyň başladan urşy sebäpli öýlerini terk etmäge mejbur boldular.
Köp sanly ukrainaly Russiýanyň başladan urşy sebäpli öýlerini terk etmäge mejbur boldular.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar edarasy (UNHCR) 2021-nji ýylda öz öýlerini terk etmäge mejbur bolan adamlaryň sanynyň, bu ugurdaky hasap ýöredilip başlanandan bäri, iň ýokary görkezijä ýetendigini aýtdy.

UNHCR-iň 16-njy iýunda çap eden ýyllyk Global Trends hasabatynda 2021-nji ýylda dünýä boýunça, yzarlamalar, konflikt, gazaplylyk, adam hukuklarynyň bozulmagy we jemgyýetçilik kada-düzgünini bozup biljek beýleki ýagdaýlar sebäpli, 89,3 million adamyň ýaşap oturan öýlerini terk etmäge mejbur bolandygy nygtalýar.

Bu san ondan ozalky ýylky görkezijiden 8%, mundan on ýyl ozalkydan hem iki esse ýokarydyr.

UNHCR bu ugurdaky aladaly tendensiýany belläp, 2022-nji ýylda öýlerini terk etmäge mejbur bolanlarynyň sanynyň eýýäm 100 milliondan geçendigini aýtdy.

Russiýanyň fewralda Ukraina garşy esassyz çozmagy netijesinde, Ikinji jahan urşundan bäri adamlaryň mejbury göçmeginiň iň uly sany hasaba alyndy.

Afrikadaky, Owganystandaky we dünýäniň beýleki künjeklerindäki “adatdan daşary ýagdaýlar” hem köp adamyň öýlerini terk etmegine getirdi.

XS
SM
MD
LG