Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny has berk düzgünli koloniýa geçirildi


Nawalny sud diňlenişiginiň dowamynda (arhiw suraty)

Tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny jeza koloniýasyndan has berk düzgünli türmä geçirildi.

Nawalny 15-nji iýunda özüniň Telegram kanalynda Melehowo şäherindäki 6-njy belgili Düzediş koloniýasyna geçirilendigini, şeýle-de häzir ol ýerde karantinde saklanýandygyny aýtdy.

Mundan öň, Kreml tankytçysynyň metbugat wekili Nawalnynyň Melehowadaky koloniýadadygyny mälim edipdi.

Mundan bir gün öň, Nawalnynyň ençeme aýlap saklanan koloniýasynyň wekilleri aýdyňlaşdyrmazdan onuň başga bir ýere geçirilendigini mälim etmeginden soň, Nawalnynyň egindeşleri onuň nirede saklanýandygy barada alada bildirdiler.

Nawalnynyň has berk düzgünli jeza koloniýasyna iberilmegine garaşylýar.
Mundan öň, maýda Moskwanyň şäher sudy Nawalnynyň martda kezzaplykda aýyplanyp özüne çykarylan dokuz ýyllyk türme tussaglyk hökümine garşy şikaýatyny ret edipdi.

Nawalny ozal özüniň Melehowodaky 6-njy belgili Düzediş koloniýasyna geçirilip bilinjekdigini, şeýle-de ol ýerde tussaglaryň gynalýandygy barada maglumatlaryň bardygyny aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG