Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda agyr ykdysady şertlere garşy protestler dowam etdirilýär


12-nji iýunda Tähranda adamlar rialyň hümmetiniň peselmegine garşy protest geçirýärler.

Eýranyň barha köp şäherinde telekeçiler we söwdagärler, ABŞ-nyň girizen sanskiýalary sebäpli ýurduň ykdysady ýagdaýynyň barha ýaramazlaşmagyna we ýurduň milli pul birligi rialyň dollara görä rekord derejede hümmetsizlenmegine garşy nägilelik protestlerini geçirýärler.

HRANA habar agentligniň 15-nji iýunda beren maglumatyna görä, Isfahan welaýatynyň Najafabad şäherindäki mobil telefon satyjylary hem protest hereketine goşulyp, walýuta durnuksyzlygy we salgytlaryň artdyrylmagy sebäpli, öz dükanlaryny ýapypdyrlar.

Protestler ýurduň Arak, Kazerun we Minab şäherlerinde hem geçirilýär.

1 dollaryň nyrhy 332 müň riala ýetmegi bilen, paýtagt Tähranyň bazarçylary we Fars welaýatynyň Kazerun şäheriniň söwdagärleri ýurduň ýaramaz ykdysady ýagdaýyna protest bildirip, öz dükanlaryny ýapanlaryndan soň, nägilelik ýörişleri tutuş ýurda ýaýrady.

Parslaryň kalendary boýunça ýylyň başy hasaplanýan, martyň ortasyndaky Nowruzdan bäri rialyň dollara görä hümmeti tas çärýek esse peseldi.

Eýrana garşy girizilen sanksiýalar we milli pul birliginiň hümmetsizlenmegi ýurduň ykdysadyýetine uly zarba urdy. Munuň netijesinde köplenç köçe protestleri ýüze çykdy. Häkimiýetler hem olary basyp ýatyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG