Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda mugallymlar agyr ykdysady ýagdaýlara garşy protest geçirýärler


Eýrandaky protestler

Eýranyň dürli künjeklerinde mugallymlar özleriniň dört kärdeşiniň heniz hem tussaglykda saklanmagyna, şeýle-de ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaýlara protest bildirip, ýene-de köçelere çykdylar.

16-njy iýunda sosial torlarda peýda bolan wideolarda we suratlarda Eýranyň 20 töweregi şäherinde, şol sanda paýtagt Tähranda adamlaryň toplandygyny synlasa bolýar.

Şekillerde köp sanly howpsuzlyk gulluklarynyň işgärlerini, şeýle-de olaryň käbir üýşmeleňleriň öňüni alýan pursatlaryny görse bolýar.

Şaýatlaryň sözlerine görä, käbir şäherlerdäki ýagdaýlar uruş döwrüniň kanunlary esasyndaky durmuşa çalym edýär.

16-njy iýunda Raşt şäherinde başlanmaly ýörişiň öňýany ýurduň demirgazygyndaky Gilan welaýatynyň Mugallymlar birleşiginiň metbugat wekili we mugallym Mahmud Sedighipouruň we birleşigiň ýene bir agzasynyň tussag edilendigi barada maglumatlar peýda boldy.

Eýranly mugallymlar, ýurduň beýleki pudaklaryndaky işgärler, şol sanda pensionerler bilen hem birlikde iş şertleriniň gowulandyrylmagyny we zähmet haklarynyň artdyrylmagyny talap edip, köçelerde protest geçirýärler.

Eýran häkimiýetleri muňa jogap hökmünde san taýdan barha artýan protestçileri we aktiwistleri soraga çekip we tussag edip başladylar. Emma bu çäreler protest ýörişleriniň öňüni alyp bilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG