Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hindistanda, Bangladeşde suw joşguny zerarly onlarça adam heläk boldy


Suw joşmasynda gaçybatalga gözleýän maşgala. Bangladeşiň Sylhet şäheri, 18-nji iýun, 2022. 

Regional häkimiýetleriniň habar bermegine görä, Hindistanyň demirgazyk-gündogarynda we Bangladeşde musson ýagyşy sebäpli dörän güýçli suw joşmalary onlarça adamyň ölmegine we millionlarça öýüň suw astynda galmagyna sebäp bolupdyr.

Iki ýurt hem hepdäniň ahyrynda has köp suw joşmasynyň we ýagyşyň bolmagyna taýýarlanyp, 18-nji iýunda halas ediş işlerine kömek üçin öz harby güýçlerini çekdi.

Tebigy betbagtçylyklar gullugy Hindistanyň Assam ştatynda azyndan dokuz adamyň ölendigini we 2 million töweregi adamyň öýleriniň suw astyndadygyny aýtdy.

Häkimiýetleriň habar bermegine görä, goňşy Bangladeşiň käbir ýerlerinde ýyldyrym çakmagy azyndan 15 adamyň ölmegine sebäp bolupdyr.

Paýtagt Dakanyň suw joşmasyny çaklaýyş we duýduryş merkeziniň habaryna görä, Bangladeşiň ähli esasy derýalarynda suwuň derejesi howply derejä çenli ýokarlanýar.

Hökümet Bangladeşdäki suw joşmasyny 2004-nji ýyldan bäri iň güýçli diýip hasaplaýar we ýagyn zerarly hindi daglarynyň üstünden gelen güýçli siliň ýagdaýy hasam agyrlaşdyrandygyny aýdýar.

"Ýurduň demirgazyk-gündogarynyň köp bölegi suw astyndadyr we güýçli ýagyş dowam edýärkä ýagdaý erbetleşýär" - diýip, Bangladeşiň Sylhet sebitiniň baş müdiri Muhammet Moşarraf Huseýn aýtdy.

Bangladeş we Hindistan soňky ýyllarda aşa agyr howa şertlerini başdan geçirdiler.

Daşky gurşawy goraýjylar howanyň üýtgemeginiň, esasanam gür ilatly Bangladeşiň pes ýerlerinde howanyň üýtgemeginiň has köp betbagtçylyga sebäp bolup biljekdigini duýdurdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG