Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýadaky parlament saýlawlarynda Makron köplügi ýitirdi


Prezident Emmanuel Makron parlament saýlawlarynda ses berýär.
Prezident Emmanuel Makron parlament saýlawlarynda ses berýär.

Fransiýada 19-njy iýunda geçirilen parlament saýlawlarynda prezident Emmanuel Makronyň “Bilelikde” hökümet koalisiýasy ýurduň milli assambleýasyndaky köplügi ýitirdi.

Saýlawlaryň netijelerine görä, Makronyň tarapdarlary 577 agzalyk Milli assambleýada 245 orny eýelärler. Şol bir wagtda, kanunçykaryjy organda köplük üçin orunlaryň 289-y zerur.

Makron aprelde geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazananyndan soňra, özüniň merkezçi koalisisýasynyň hem parlament saýlawlarynda gowy netije görkezjekdigine umyt baglapdy.

Žan-Lýuk Melanşonyň ýolbaşçylygyndaky çepçi partiýalaryň koalisiýasy ikinji netije görkezip, ýurduň milli assambleýasynda 131 orny aldy.

Marine Le Peniň aşa-sagçy Milli Ýöriş partiýasy saýlawlarda häzire çenli özüniň iň gowy netijesini görkezip, parlamentde 89 orny almagy başardy. Bu saýlawlaryň öňünden edilen çaklamalardan has ýokary görkeziji boldy. Mundan öň, partiýa 1986-njy ýyldaky saýlawlarda özüniň iň gowy netijesini görkezip, şonda parlamentde 35 mandaty alypdy.

Ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda konserwatiw garaýyşlara eýerýän “Respublikançylar” partiýasy parlamentde 61 orny alyp bildi.

Fransiýanyň maliýe ministri Bruno Le Maire ses berişligiň netijelerini “demokratiki şok” atlandyrdy, şeýle-de taraplar özara hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürseler, onda munuň “Fransiýany goramak we reformalary geçirmek mümkinçiliklerini petiklejekdigini” duýdurdy.

XS
SM
MD
LG