Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran iki ruhanyny öldürmekde aýyplanany dardan asdy


Abdolatif Moradi (arhiw suraty)

Eýranda aprelde Ymam Reza ybadathanasynda iki şaýy ruhanysyny öldürmekde we ýene birini ýaralamakda aýyplanan özbek asylly raýat jezalandyrylyp öldürildi.

Abdolatif Moradi 20-nji iýunda ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Maşad şäheriniň Wakilabad türmesinde dardan asmak arkaly öldürildi.

5-nji aprelde, ýagny musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Remezan aýy wagty, 21 ýaşyndaky Moradi iki ruhanyny öldüripdi.

Içeri işler ministrligi muny “terroristik hüjüm” diýip häsiýetlendirdi. Käbir emeldarlar bu hadysa bilen ilteşikli aşa dinçi sünni radikallaryň “takfiri alamatlarynyň” hem bolandygyny öňe sürdüler.

Gürrüňi gidýän hüjümden iki gün öň, demirgazykdaky Gonbad Kawus şäherindäki bir metjitde iki sünni ruhanysy atylyp öldürilipdi.

Eýranyň ilatynyň aglabasy şaýy musulmanlardyr. Ýurduň 83 million ilatynyň 5-10%-ni sünnüler düzýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG