Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tokaýew: Gazagystan "DHR-niň" we "LHR-niň" garaşsyzlygyny ykrar etmeýär


Žurnalist Margarita Simonýan, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew. Sankt-Peterburg, 2022-nji ýylyň 17-nji iýuny

Gazak prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçirilen Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň umumy mejlisinde, Gazagystanyň "DHR" (Donetsk halk respublikasy) we "LHR" (Luhansk halk respublikasy) diýilýänleriň garaşsyzlygyny ykrar etmeýändigini aýtdy.

17-nji iýunda gazak prezidenti gepleşigiň alyp baryjysy, RT neşiriniň baş redaktory Margarita Simonýanyň Gazagystanyň Ukrainadaky ýörite operasiýa diýilýän meselä nähili garaýandygy baradaky soragyna jogap berdi.

Tokaýew Gazagystanda Ukrainadaky uruş barada dürli pikirleriň bardygyny, sebäbi ýurtda ösen raýat jemgyýetiniň bardygyny aýtdy. Gazak prezidenti separatist respublikalar barada durup geçip, BMG Tertipnamasynyň iki esasy ýörelgesiniň - halklaryň öz ykbalyny kesgitlemek hukugynyň we döwletleriň territorial bitewiliginiň - biri-birine gapma-garşy gelendigini belledi.

“Milletiň öz ykbalyny kesgitlemek hukugy bütin dünýäde amala aşyrylsa, onda Ýer şarynda 193 döwletiň deregine 500-600-den gowrak döwlet dörejekdigi hasaplandy. Bu bulam-bujarlyk bolar. Şol sebäpli biz ne Taýwany, ne-de Kosowany, ne-de Günorta Osetiýany ýa-da Abhaziýany ykrar edýäris. Bu ýörelge, ýarym-döwlet territoriýalar, ýagny biziň pikirimizçe Luhansk we Donetsk sebitleri bilen baglylykda hem ulanylar" diýip, Gazagystanyň prezidenti aýtdy.

Onuň bu sözleri, birneme öň "DHR" we "LHR" -yň Ukrainanyň hökümetinden "rugsat" soramaly däldigini aýdan Russiýanyň prezidentiniň pikirine gapma-garşy bolup eşidildi. Putin şonda Kosowany mysal getirdi.

Importyň ornuny tutmak baradaky soraga Tokaýew häzirki zaman dünýäsinde munuň mümkin däldigini aýtdy we öz ýurdunyň halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygyny we öz-özüni üzňeleşdirmäge garşydygyny belledi.

Gazak prezidenti Russiýa bilen dostlukly gatnaşyklara ünsi çekip, birnäçe rus deputatyň, žurnalistiň we medeni şahsyýetiň Gazagystan barada dürli beýanatlar edendigini hem aýtdy. Onuň sözlerine görä, ol bu meseläni Putin bilen bolan duşuşygynda hem gozgady.

Simonýan Tokaýew bilen ylalaşýandygyny, şol bir wagtyň özünde Gazagystanyň prezidentiniň gürrüňini edýänlerinden birini gowy tanaýandygyny aýtdy. Görnüşinden bu gürrüňler, 9-njy maýda paradyň geçirilmezligi bilen bagly Gazagystanyň häkimiýetlerini "gadyr bilmezlikde" we "dönüklikde" aýyplan Simonýanyň adamsy Tigran Keosaýana degişlidi. Bu sözlerden soň Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Keosaýanyň ýurda girmegini gadagan etdi.

Putin hem öz gezeginde Gazagystany dogan ýurt diýip atlandyrdy we eger ukrain häkimiýetleri Nur-Soltanyň häkimiýetleri ýaly hereket eden bolsa, onda "ýörite operasiýa" bolmazdy we Krym anneksiýa edilmezdi diýdi.

  • Russiýanyň iň ýakyn ýaranlaryndan biri bolan Gazagystan Moskwanyň hereketini resmi taýdan ýazgarmady we goldamady we özüniň "bitaraplygyny" saklaýar. Mart aýynyň ahyrynda, prezident administrasiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Timur Süleýmenow, ÝB syýasaty bilen meşgullanýan EURACTIV ýewropa neşirine beren interwýusynda "Gazagystan Moskwanyň Günbatar tarapyndan girizilen sanksiýalardan geçmegine kömek etmez" diýdi.
  • Şol aýda, Moskwa şäher Dumasynyň orunbasary Sergeý Sawostýanowyň Baltika döwletlerini, Polşany, Moldowany we Gazagystany “denazifikasiýa we ýaragsyzlandyrmak” zonasyna goşmagy goldaýandygy baradaky beýannama internetde peýda boldy. "Denazifikasiýa" we "ýaragsyzlandyrmak" adalgalary Moskwa 24-nji fewralda Ukrainanyň çägine goşun girizende ulanyldy. Nur-Soltan Moskwanyň deputatynyň sözlerine jogap bermedi. Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi "bu beýannama federal derejede edilen halatynda öz edarasynyň reaksiýa bildirjekdigini" aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, onuň metbugat gullugynyň habaryna görä, rus ordenini kabul etmekden ýüz öwürdi. Gazagystanyň prezidentiniň metbugat sekretary Ruslan Želdibaý Tokaýewiň prezidentlik möhleti gutarýança içerki ýa-da daşary ýurt baýraklaryny kabul etmezlik kararyna gelendigini aýtdy.

Aleksandr Newskiniň ordeni, Russiýa Federasiýasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde we onuň sosial-ykdysady ösüşinde kömek edenligi üçin daşary ýurtly syýasatçylara berlip bilner. Tokaýew ordeni kabul eden bolsa, onda bu oňa Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň umumy mejlisinde gowşurulmalydy.

Ýatlatsak, ýakynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglandy.

Gazak prezidentinden tapawutlylykda, Serdar Berdimuhamedow bu sylagy kabul etdi we Russiýanyň prezidenti bu ordeni oňa 10-njy iýunda Kreml köşgüniň "Malahit" zalynda gowşurdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG