Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainadaky söweşiň bir netijesi hökmünde Merkezi Aziýada bahalar ýokarlanýar


Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Ukrainada başladan urşy tutuş dünýäde bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Esasan energiýa resurslary we azyk önümleri gymmatlaýar. Öňki sowet döwletlerinde haryt ýetmezçiligine we inflýasiýa syn edilýär.

Biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bazarlaryndaky bahalary deňeşdirdik.

Russiýa we Merkezi Aziýa

Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetleri taryhy we geografiki taýdan Russiýa bilen baglanyşykly. Sebitdäki harytlaryň köpüsi Moskwadan import edilýär we migrantlar pul gazanmak üçin ol ýere gidýärler. Bu baglanyşyklar sebäpli Russiýadaky ýagdaý bu ýurtlara gönüden-göni täsir edýär. Bu ýagdaý, 24-nji fewralda Russiýa Ukrainany basyp alanda, ýene bir gezek subut edildi.

Günbatar ýurtlary tarapyndan sanksiýalaryň girizilmegi bilen rubl we onuň bilen birlikde, gazak tengesi, gyrgyz somy, özbek sumy, täjik somonisi we türkmen manady hem çökdi. Aradan birnäçe hepde geçensoň, rublyň hümmetiniň birneme güýçlenmegi bilen, bu ýurtlaryň milli walýutasy hem güýçlendi. Uruş sebäpli Moskwada bahalar ýokarlanyp başlady. Munuň yzysüre, Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem bahalar ýokarlandy.

Munuň sebäbi Russiýanyň käbir harytlaryň eksportyna girizen çäklendirmeleri we olaryň üçünji ýurtlara eksport edilende gümrük paçlarynyň ýokarlanmagy bilen hem baglanyşykly. Bişkek we Nur-Soltan Moskwa bilen yzygiderli gepleşik geçirýän bolsa, resmi Daşkent, Duşenbe we Aşgabat Hytaýdan, Eýrandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan edilýän importyň mukdaryny artdyrmaga synanyşýarlar.

Bu döwletler bir sebitde ýerleşip, olaryň her biriniň öz mümkinçilikleri bar. Käbirleriniň ykdysadyýeti güýçli, käbirleriniň iri döwletler bilen alternatiw söwda etmäge mümkinçiligi bar. Muňa garamazdan, biz azyk önümleriniň bahasyny goňşy ýurtlar bilen deňeşdirmäge synanyşarys.

Elbetde, dünýäniň beýleki ýurtlarynda-da bolşy ýaly, bu ýerdäki bahalar hem koronawirus pandemiýasynyň başlanmagy bilen 2020-nji ýylda ýokarlanyp başlady. Muňa çäkli önümçilik we serhetleriň ýapylmagy sebäp boldy. Ulag arabaglanyşyklarynyň dikeldilmegi bilen bahalar durnuklaşyp başlady.

Ukrainadaky urşuň bahalara ýetirýän täsirine düşünmek üçin ýylyň başyndaky we häzirki maglumatlary deňeşdirýäris.

Alty önüm, alty ýagdaý

Çörek, un, ösümlik ýagy, ýumurtga, şeker we sygyr eti ýaly alty azyk önüminiň mysalynda, Merkezi Aziýadaky bahalary deňeşdireris. Ýöne ilki bilen käbir ýagdaýlary anyklaşdyrýarys:

  • Harytlaryň bahalary baradaky maglumatlar statistika komitetlerinden, edaralardan we býurolardan, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň bu ýurtlardaky hyzmatdaşlaryndan we ýerli ýaşaýjylardan alyndy. Sanlar iň ýokary, ortaça we iň pes nyrhlary görkezýär. Deňeşdirmek üçin ortaça baha görkezilýär.
  • Dürli ýurtlarda harytlaryň käbir görnüşleriniň bahalary başgaça hasaplanýar. Käbir çörek önümleriniň bahalarynyň tamdyrda bişirilen nanlara, çöreklere we çörek önümlerine esaslanýandygyny bellemelidiris. Mundan başga-da, süýde degişli sanlar onuň pasterizasiýa edilen ýa-da edilmedik görnüşine degişli bolup biler. Şonuň üçin bahany alanyňyzda käbir ýalňyşlyklar bolup biler.
  • Beýleki döwletlerdäki önümleriň bahalaryna düşünmek üçin gyrgyz somunda beýan edilen nyrhlar Gyrgyzystanyň 15-nji iýundaky kursuna görä dollarda beýan edilýär.
  • Walýutalaryň kursy "Google" gözleg ulgamynyň "Converter" guraly arkaly öwrüldi. Bu gural milli banklara görä maglumat berýär. Berlen maglumatlar bu ýurtlardaky hakyky walýuta çalşygyndan tapawutlanyp biler. Sanlar makalanyň çap edilen günündäki walýuta alyş-çalyş bahalaryna esaslanýar.
  • Dollaryň we manadyň resmi hem-de gara bazar kurslarynyň arasyndaky düýpli tapawut sebäpli, Türkmenistanda bahalar iki görnüşde görkezilýär. Olar dollaryň resmi we gara bazar bahalary boýunça alnan sanlardyr.
  • Biz dollarda görkezilen bahalary önümiň düýbünden takyk bahasy diýip hasaplamaga we has gymmat ýa-da arzan zat barada gutarnykly netijä gelmäge çagyrmaýarys. Bahalara teoriýa boýunça deňeşdirme hökmünde seredip bolar. Sebäbi harytlar her bir raýatyň girdejisiniň derejesine baglylykda gymmat ýa-da arzan hasaplanýar.

Soňky çaklamalara görä, ortaça aýlyk Gyrgyzystanda $282, Gazagystanda $654, Özbegistanda $310, Täjigistanda $146 we Türkmenistanda ortaça girdeji 1000-1200 manat. Türkmenistandaky bu görkeziji resmi kursda $342, gara bazaryň nyrhynda $55-$65 deň bolýar.

Çörek

Russiýa tarapyndan däne satuwyna girizilen çäklendirmeler, kiçi ykdysadyýeti we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň hyzmatdaşy bolan Gyrgyzystana has köp täsir etdi. Bu ýurtda çöregiň ortaça bahasy $0,37 çenli ýokarlandy. Öňler bu ýurtda $1,25-a dollar dört çörek satyn alyp bolan bolsa, häzir oňa üç çörek düşýär.

Köp mukdarda bugdaý öndürýän ýurt bolan Gazagystan hem yza gaýtmak tendensiýasyndan gutulmady. Gazagystanda çöregiň ortaça bahasynyň $0,41 ýetýändigini çaklap bileris.

Özbek hökümetiniň daýhanlardan dänäni bazar bahalarynda satyn almak tejribesi un we un önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Netijede, Daşkent dükanlarynda çöregiň bahasy 80% ýokarlandy. Soňky günlerde bazarlarda çörek üçin nobatlar göründi. Bu ýurtda çöregiň ortaça bahasy $0,25 deň. Ýöne bu ýerli ýaşaýjylar üçin birneme gymmat bolýar.

Täjigistanda beýleki harytlar bilen birlikde çörek hem gymmatlady. Bu esasan pes girdejili maşgalalar üçin meselä öwrüldi. Uruş başlandan soňra, Täjigistanda bir çöregiň bahasy $0,37 ýetdi.

Türkmenistanda azyk ýetmezçiligi, esasanam çörek meselesi uzak wagt bäri dowam edýär. Döwlet arzan çörek satyn almaga subsidiýa berýär, her maşgala 2-3 buhanka çöregi satylýar. Olary satyn almak üçin ýerli ýaşaýjylar gije nobata durmaga mejbur bolýarlar.

Ukrainada söweşiň başlanmagy bilen Türkmenistanda ýagdaý ýaramazlaşdy. Hökümet çöregiň bahasyny 1-2 manada kesgitledi, ýöne bu çörek ýeterlik mukdarda satylmaýar. Netijede, raýatlar hususy söwdagärlerden 20 manada çörek satyn almaga mejbur bolýarlar. Tomsuň başlanmagy bilen bahalar birneme aşaklady, ýöne gytçylyk meselesi çözülmedi. Türkmenistanda çöregiň bahasy resmi kursda $5,7-a, gara bazaryň nyrhynda $1,1-a deň bolýar.

Un

Çöregiň bahasy gallanyň we unuň gymmatlamagy bilen birlikde ýokarlanýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly Merkezi Aziýa döwletleri dänäni esasan Russiýadan import edýärler.

Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetiniň habaryna görä, ýylyň başyndan bäri birinji sort unuň bir kilogramy $0,51-den $0,61-e ýokarlandy. Umuman alanyňda, 50 kilogramly bir halta un $25-den $31-e gymmatlady.

Gazagystanyň özi ýylda 15 million tonna däne öndürýär. Emma un öndürmek ýa-da eksport etmek üçin ýurt şonda-da Russiýadan bugdaý import etmeli bolýar. Moskwanyň öz goňşusyna galla satuwyny togtatmagy bilen, Nur-Soltan bu önümi eksport etmegini bes etdi. Ýöne Gazagystanda unuň bahasy şonda-da gymmatlady. Şeýlelik bilen, birinji sort unuň bir kilogramynyň bahasy $0,47 ýetdi. Bu resmi ortaça baha bolup, hakykatda onuň bahasy has ýokary bolup biler.

Özbegistanda şol bir görnüşdäki unuň bahasy 4,5 müň sumdan 5 müňe çenli ýokarlandy. Bular resmi bahalar bolup, dükanlarda bu un 8,900 sumdan satylýar. Bu $0,75 deňdir. Eger unuň ortaça bahasyny alsak, onda ol $0,60 barabar bolýar.

Russiýada üçünji ýurtlara satylýan gallanyň gümrük paçlarynyň ýokarlanmagy we Gazagystan tarapyndan bugdaý eksportynyň togtadylmagy Täjigistana güýçli täsir etdi. Bu ýurtda bir halta unuň bahasy 380 somonä ýeti. Onuň öňki bahasy 280 samonä deňdi. Bu $33,9 barabardyr. AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň habarçylaryna görä, ýu ýurtda birinji sort unuň bir kilogramy $0,67 deň.

Ýokarda aýdyşymyz ýaly, Türkmenistanda un meselesi uzak wagt bäri dowam edýär. Maglumatlara görä, birinji sort ununyň bir kilogramy 10-12 manada çenli ýokarlandy, ýöne soňra 7-9 manada aşaklady. Manaty dollara, soň bolsa soma öwürende, bu 180 soma deňdir. Resmi däl nyrhlarda bahalar has arzan. Bu resmi kursda $2-$2,5 we gara bazar bahasynda $0.38-$0,50 deňdir.

Ösümlik ýagy

Mart aýynyň ahyrynda Russiýa günebakar tohumynyň eksport edilmegini gadagan etdi we ösümlik ýagyna kwota çäklendirmelerini girizdi. Bu Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna täsir ýetirdi.

Gyrgyzystanda koronawirus pandemiýasynyň başlanmagy bilen ösümlik ýagynyň bahasy ýokarlanyp başlady. Ýylyň başynda onuň bir litrniň bahasy $2,51 ýetdi. Häzir ýurtda onuň ortaça bahasy $2,18 töweregindedir.

Gazagystanyň özi ösümlik ýagyny öndürýär we bu ýurtda goňşy döwletler bilen deňeşdirilende bahalar arzan. Muňa garamazdan, ýurduň Statistika gullugy ösümlik ýagynyň bahasynyň 23% ýokarlanandygyny habar berdi. Bir litr ösümlik ýagynyň bahasy $1,88 barabar.

Özbegistan, önümçilik çykdajylarynyň ýokarydygy sebäpli, ösümlik ýagynyň eksportyny gadagan etdi. Ýurduň özi günebakar we pagta ýaglaryny öndürýär. Ýylyň başyndan bäri bu önümiň bir litrniň bahasy 19 müň sumdan 24 müň suma çenli ýokarlandy. Bu $2,13 deňdir.

Täjigistanda ösümlik ýagynyň bahasy 20 somoniden 30 somonä gymmatlady. Bu san $2,70 barabar bolup, sebitdäki iň ýokary görkezijileriň biridir.

Ösümlik ýagynyň bahasy boýunça sebitdäki iň ýokary görkeziji Türkmenistana degişli bolup, bu ýurtda onuň nyrhy 40 manada çenli ýokarlandy. Bu nyrh resmi kursda $11,4 we gara bazaryň kursunda $2,22 barabardyr.

Ýumurtga

Umuman alanyňda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda towuk ýumurtgasynyň bahasy takmynan şol bir derejede saklanýar. Ösen guşçylyk pudagy bolan Gazagystanda we Özbegistanda bu önüm $1,13 we Gyrgyzystanda hem-de Täjigistanda $1,38 bahalanýar.

Türkmenistanda ýagdaý diýseň kyn. Ýylyň başynda bu ýurtda bir ýumurtga 3-4 manat bahalanýardy, häzir 1 manat 60 teňňä deň. Bu resmi kursda takmynan $0,45 we gara bazar nyrhynda $0,08 barabar.

Şeker

Koronawirus pandemiýasynyň we Ukrainadaky söweşiň fonunda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda şekeriň bahasy has ýokarlandy. Sebäbi bu önümi eksport edýän Russiýanyň özünde-de onuň ýetmezçiligi bolup, bahalaryň ýokarlanmagyny synlasa bolýar.

Bir-iki ýyl mundan ozal Gyrgyzystanda şekeriň ortaça bahasy 50-55 som bolan bolsa, pandemiýanyň fonunda önümiň bahasy 70 soma çenli ýokarlandy. Fewral aýynda onuň bahasy birden ýokarlandy. Häzir onuň bahasy 90-100 som aralygynda saklanýar. Bu takmynan $0,14 deňdir.

Gazagystanda bir kilogram şekeriň bahasy 320-den 460 teňňä ýokarlandy. Bu $1,25 deňdir. Şekeriň bahasy Täjigistanda $1,25 barabar bolup, iki ýurtda-da şeker gytçylygy saklanýar.

Soňky günlerde Özbegistanda şekeriň ýetmezçiligi sebäpli howsalaly ýagdaýy synlasa bolýar. Telegram kanallarynda paýlaşylýan wideolarda dükanlaryň öňünde uzyn nobatlaryň bardygyny görse bolýar. Netijede, häkimiýetler çäreleri güýçlendirip, bazarlarda bu önümi has köp satuwa çykardylar. Bahalar 9 müň sumdan 18 müň suma çenli ýokarlandy. Bu $1,53 deňdir.

Soňky krizisiň fonunda, Türkmenistanda bir kilogram şekeriň bahasy 25 manada çenli ýokarlandy, ýöne soňra 18 manada çenli arzanlady. Bu resmi kursda takmynan $5,14 we gara bazar nyrhynda $1 barabardyr.

Sygyr eti

Sebitde sygyr eti her krizisde gymmatlaýar. 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy wagtynda Gyrgyzystanda bir kilogram sygyr etiniň bahasy 550 soma ýetdi, ýöne soňra mallaryň eksport edilmegine gadaganlyk girizilenden soň birneme azanlady. Emma soňra bahalar ýene ýokarlandy we bir kilogram sygyr etiniň bahasy 430-480 soma aralygyna ýetdi.

Gyrgyz Milli statistika komitetiniň habaryna görä, ýylyň başynda Gyrgyzystanda sygyr etiniň ortaça bahasy 478 somdy. Häzir onuň bahasy 486 soma ýetdi. Ýöne käbir şäherlerde we sebitlerde onuň bahasy 525 soma ýetýär. Bu $6,60 deňdir.

Gazagystanda we Täjigistanda sygyr etiniň bahasy Gyrgyzystandaky ýaly bolup, Özbegistanda onuň bahasy birneme gymmat.

Gyş we ýaz aýlarynda Türkmenistanda sygyr etiniň bahasy 100 manada çenli ýokarlandy, ýöne soňra 70 manada arzanlady. Bu resmi kursda takmynan $20 we gara bazar nyrhynda $3,88 barabardyr. Ortaça 1000-1200 manat girdejisi bolan ýaşaýjylar üçin bu birneme gymmat bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG