Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Türkmenistanda bolan ýer sarsgyny ilat arasynda howsala döretdi


Türkmenistanyň kartasy

20-nji iýunda irden sagat 8-9 töwereklerinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýer titredi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa barlag merkezi 20-nji iýunda Türkmenistanyň günbatar sebitinde 4,6 bal derejesinde ýer titremäniň hasaba alnandygyny habar berdi. Maglumata görä, ýer titremäniň merkezi we ojagy Balkanyň Bereket sebitiniň 74 kilometr günortasynda, 12.1 kilometr çuňlukda ýerleşýär.

Türkmenistanyň hökümetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky topary ýurduň günbatarynda bolup geçen ýer sarsgyny barada habar bermedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýer sarsgynynyň yz ýany, Türkmenbaşy şäherinde Internet aragatnaşygynyň 20-nji iýunda gijöýlän sagat 6-a çenli kesilendigini habar berýär. Şeýle-de, şäherde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi günortan sagat 1-e çenli kesildi.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurduň günbatarynda bolup geçen gowşak ýer sarsgyny barada habar bermedi. Sarsgynyň güýji 4,6 bala barabar bolan hem bolsa, bu ýerli ýaşaýjylaryň arasynda howsala döretdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşy şäherinde ýerli ýaşaýjylaryň ikinji sarsgynyň bolmagyndan gorkup, belli bir wagta çenli öýlerine girmäni, daşarda garaşandyklaryny habar berdi.

“Men köp gatly jaýda ýaşaýaryn, ýer titremeden soňra günuzyn Awazada aýlandym” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenbaşy şäheri gowşak ýer sarsgynynyň ojagyndan 250 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

Balkan welaýaty kartada
Balkan welaýaty kartada

“Şäherde günortan sagat 1-e çenli tok bolmady. Awazada binalaryň generatorlary işledildi” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Ýer sarsgynyň yz ýany, ýerli häkimlik resmileri ýerli ýaşaýjylara 5-12 gat beýiklikdäki köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna girmezligi maslahat berdi. Bu barada polisiýa işgärleri ses gataldyjy enjamlar bilen duýduryş berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäher ýaşaýjylarynyň arasynda howsalanyň günortana çenli dowam edendigini habar berýär.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy şäherdäki käbir çagalar baglarynyň 20-nji iýunda çagalary kabul etmändigini habar berýär.

Ýerli häkimiýetler Türkmenbaşydaky senagat-önümçilik desgalarynda hüşgärligi ýokarlandyrdy. Ýangyn söndüriji gulluklar şäheriň çäginde ýerleşýän iri nebit desgasynda hüşgärligi artdyrdy.

“Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan Ýangyn söndüriji ulaglar heniz hem nobatçylyk çekýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy duşenbe güni gijöýlän habar berdi.

Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky topar ýurduň günbatar sebitlerinde bolup geçen gowşak ýer sarsgynynda çekilen zyýanyň jikme-jikligi barada beýanat bermedi.

Türkmenistan 9 baldan ýokary seýsmiki aktiw ýerde ýerleşýär.

Mundan öň, 2000-nji ýylyň 6-njy dekabrynda gürrüňi gidýän Bereket (Gazanjyk) obasynda güýçli ýer titreme netijesinde onlarça bina ýykyldy, ýurduň hökümeti bu barada habar bermedi.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda ýurduň taryhyndaky iň weýrançylykly ýer titreme boldy. Tutuş şäher tas ýer ýüzünden süpürildi, 100 müňden gowrak adam wepat boldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tebigy betbagtçylyklar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada habar bermekden ýyllarboýy saklanyp gelýärler.

Türkmenbaşynyň häkimlik resmileri sebitde bolan ýer sarsgynynyň azyndan 6 bal bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG