Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ýer titremäniň sebitine barmakda kynçylyk çekilýär; Aşgabat ynsanperwer kömek wada berýär


Paktikada bolan ýer titremäniň netijeleri
Paktikada bolan ýer titremäniň netijeleri

Owganystanyň gündogarynda bolan heläkçilikli ýer titremeden soň, halas edijiler gyrak-bujakdaky sebitlerdäki weýrançylyklara barmakda kynçylyk çekýärler. Bu aralykda, Türkmenistan goňşy ýurda ynsanperwer kömek wada berýär.

22-nji iýunda Kabulyň 160 km günorta-gündogarynda ýüze çykan 6,1 magnitudaly ýer sarsgynynda 1 müňe golaý adam heläk boldy, 1 müň 500-e ýakyny hem ýaralandy.

Ýer titreme has erbet Pakistan bilen serhediň golaýyndaky, daglyk sebitde ýerleşýän Paktikada duýuldy.

Halas ediş işleri erbet ýollar we agyr ýagyşlar sebäpli has hem kynlaşdy.

Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylary halas ediş tagallalary üçin halkara jemgyýetçiliginden maliýe hemaýatyny soradylar.

“Biz sebite aşyp bilmeýäris. Habar liniýalary gowşak, biz soňky maglumatlary almaga synanyşýarys” diýip, “Talybanyň” Paktika wealaýatyndaky ýokary derejeli harby kommandiriň metbugat wekili “Reuters” gullugyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, tebigy hadysada 3 müňe golaý jaý weýran bolupdyr.

“Adamlar yzly-yzyna mazar gazýarlar” diýip, Paktikanyň Maglumat we medeniýet edarasynyň başlygy aýtdy.

“Talybanyň” ýokary ruhany lideri halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, halas ediş işleri üçin maliýe goldawyny sorady.

Haýbatullah Ahunzada beýanat arkaly halkara jemgyýetçiligine, haýyr-sahawat toparlaryna we ähli ynsanperwer guramalaryna ýüzlenip, "bu uly heläkçiligiň arasynda owgan halkyna el uzatmaga" çagyrdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, 23-nji iýunda türkmen baş diplomaty Raşid Meredow Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyp, ýurduň Owganystana ynsanperwer kömegini ýollamaga taýýardygy barada habar beripdir. Göz öňünde tutulýan hemaýatyň düzümi aýdyňlaşdyrylmady.

XS
SM
MD
LG