Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň ýegeni aýdyňlaşdyrylmadyk jenaýat işiniň figuranty hökmünde geçýär


Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) we KNB-niň şol wagtky başlygynyň orunbasary Samat Abiş. 2014 ý.
Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) we KNB-niň şol wagtky başlygynyň orunbasary Samat Abiş. 2014 ý.

Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýegenleriniň biri aýdyňlaşdyrylmadyk jenaýat işiniň figuranty hökmünde geçýär diýip, ýurduň Milli Howpsuzlyk boýunça Komitetiniň (KNB) başlygynyň orunbasary 22-nji iýunda mälim etdi.

Askar Amirhanowyň maglumatyna görä, Samat Abiş KNB tarapyndan hem sorag edilipdir. Emma onuň häzir tussaglyk astynda saklanyp-saklanmaýandygy aýdyňlaşdyrylmady.

43 ýaşly Abiş ýanwarda turan hökümete garşy protestlerden birnäçe günden soň, KNB-niň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylypdy. Ýanwardaky protestleriň soňy bilen gazaplylyga ýazmagy netijesinde azyndan 230 adam heläk bolupdy.

Protestleriň yzýany Abişiň başlygy, şeýle-de Nazarbaýewiň iň ýakyn ýaranlarynyň biri bolan KNB-niň ýolbaşçysy Karim Masimow, şeýle-de onuň üç orunbasary ýokary derejeli dönüklik aýyplamalary esasynda tussag edilipdi.

Abiş baradaky beýanatdan bir gün öň, Gazagystanyň Maliýe gözegçilik agentligi Nursoltan Nazarbaýewiň jigisi Bolat Nazarbaýewe garşy, bir kärhanany bikanun ýagdaýda ele geçirmek boýunça sud işiniň açylandygyny mälim etdi.

69 ýaşly Bolat Nazarbaýewiň häzir Dubaýda ýaşaýandygy çaklanylýar.

81 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew we onuň maşgalasy, ýanwardaky protestlerden soň, birwagtky täsirini we güýjüni ýitirdi.

XS
SM
MD
LG