Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sowet döwrüniň estrada ýyldyzy Ýuriý Şatunow ýogaldy


Ýuriý Şatunow

Sowet döwrüniň belli estrada ýyldyzy we “Laskowyý Maý” aýdym-saz toparynyň agzasy Ýuriý Şatunow 48 ýaşynda Moskwa regionynda aradan çykdy.

Şatunowyň metbugat wekiliniň 23-nji iýunda beren maglumatyna görä, ol öten agşam keselhanada ýürek näsazlygyndan ýogalypdyr.

1973-nji ýylda Russiýanyň Başkortostan respublikasynda doglan Şatunow 11 ýaşynda ejesini ýitirýär we Orenburg şäheriniň ýetimler öýüne ýerleşdirilýär.

13 ýaşynda ol “Laskowyý Maý” toparynyň öňdebaryjy agzasyna öwrülýär. Topar 1992-nji ýylda dargaýar.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň, 1991-nji ýylda emele gelen ykdysady çökgünligiň arasynda Şatunow Germaniýa göçýär.

Ol aradan birnäçe ýyl geçenden soň gaýtadan Russiýa dolandy we özüniň solo karýerasyny dowam etdirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG