Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda ýer titremeden soňky gözleg işleri bes edildi


Ýer sarsgynynda 3 müňe golaý jaý weýran boldy.

Owganystanda “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümet Paktika welaýatynda bolan heläkçilikli ýer titremeden soňky gözleg we halas ediş işleriniň tamamlanandygyny, şeýle-de häzirki pursat ejir çekenlere hemaýat bermek ugrunda tagalla edilýändigini mälim etdi.

22-nji iýunda Kabulyň 160 km günorta-gündogarynda ýüze çykan 6,1 magnitudaly ýer sarsgynynda 1 müňe golaý adam heläk boldy, 1 müň 500-e ýakyny hem ýaralandy.

Ýer titreme has erbet Pakistan bilen serhediň golaýyndaky, daglyk sebitde ýerleşýän Paktikada duýuldy. Ýer titremede welaýatyň köp obasy we Bermal etraby ýer-ýegsan boldy.

Tebigy hadysa Host welaýatynda hem uly weýrançylyk döretdi.

Ýer sarsgynynda 3 müňe golaý jaý weýran boldy, aragatnaşyk we elektrik liniýalary sandan çykdy. Halas ediş işleri erbet ýollar we agyr ýagyşlar sebäpli has kynlaşdy.
“Talybanyň” ýolbaşçylary halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, hemaýat işleri üçin maliýe goldawyny sorady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 23-nji iýunda türkmen baş diplomaty Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyp, ýurduň Owganystana ynsanperwer kömegini ýollamaga taýýardygy barada mälim edendigini habar berdi. Göz öňünde tutulýan hemaýatyň düzümi aýdyňlaşdyrylmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG