Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan şu ýyl haj zyýaratyna 275 adamy iberýär


Haj zyýaratyndan dolanýan türkmenistanlylar. Arhiw suraty
Haj zyýaratyndan dolanýan türkmenistanlylar. Arhiw suraty

Türkmenistandan 275 adam 2-22-nji iýul aralygynda Saud Arabystanyna haj zyýaratyna giderler.

Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken permanyna görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Dünýewi döwlet bolan Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri ýylda diňe çäkli zyýaratçyny döwlet ýardamy bilen haj parzlaryny berjaý etmäge iberip gelýär.

Saud Arabystanynyň türkmenistanly zyýaratçylaryň sany boýunça kesgitlän kwotasynyň birnäçe müň adamdan ybaratdygy habar berilýär. Hökümetçi turkmenportal.com neşiri aprel aýynda Saud Arabystanynyň bu ýyl Türkmenistana 2 müň 83 haj kwotasyny berendigini habar berdi.

Galyberse-de, Türkmenistanda haj zyýaratynyň guramaçylygynyň töweregindäki para-berim türkmen hajylarynyň zyýaratyna kölege salýar.

Gabarçymyz bilen gürrüňdeş bolan haj zyýaratyna dalaşgär bir türkmenistanly “şu ýyl haj zyýaratyna her welaýatdan sähelçe adamyň gitmegine rugsat berilýändigini”, ýöne zyýarata dalaşgärleriň sanawyna goşulmak üçin din resmileriniň, araçylaryň üsti bilen, özünden ilki “3 müň dollar, soňra 4-5 müň dollar möçberinde” “töleg” sorandygyny gürrüň beripdi.

XS
SM
MD
LG