Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen zyýaratçylary haja taýýarlanýar


Mukaddes Käbe. Illýustrasiýa suraty.
Mukaddes Käbe. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda haj zyýaratynyň töweregindäki para-peşgeş aladalarynyň arasynda türkmenistanly musulmanlar haja taýýarlyk görýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýyl ýurt boýunça haj zyýaratyna ugradyljak adamlaryň anyk sanynyň heniz takyk däldigini, ýöne her welaýatdan 150 töweregi adamyň Saud Arabystanyna ugradylmagyna garaşylýandygyny habar berýär. Ýöne habarçymyz haja dalaşgärlerden “$3000 - $3500 aralygynda” töleg talap edilýändigini aýdýar.

Ikinji habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan haj zyýaratyna dalaşgär bir türkmenistanly “şu ýyl haj zyýaratyna her welaýatdan sähelçe adamyň gitmegine rugsat berilýändigini”, ýöne zyýarata dalaşgärleriň sanawyna goşulmak üçin din resmileriniň, araçylaryň üsti bilen, özünden ilki “3 müň dollar, soňra 4-5 müň dollar möçberinde” “töleg” sorandygyny gürrüň berdi.

Hökümetçi turkmenportal.com neşiri aprel aýynda Saud Arabystanynyň bu ýyl Türkmenistana 2083 haj kwotasyny berendigini habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti her ýyl döwlet goldawy bilen 160-180 töweregi zyýaratçyny Saud Arabystanyna haj zyýaratyna ugradýar.

Adatça, haj möwsüminiň öň ýany, Türkmenistanyň prezidenti ýörite buýruga gol çekip, “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyna Saud Arabystanyna gitjek zyýaratçylary mugt uçar gatnawy bilen üpjün etmegi tabşyrýar. Ýöne geçen ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl döwlet metbugaty prezidentiň bu babatdaky buýrugyny heniz çap etmedi.

Galyberse-de, Türkmenistanda haj zyýaratynyň guramaçylygynyň töweregindäki para-bermit türkmen hajylarynyň zyýaratyna kölege salýar.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi 2019-njy ýylyň sentýabrynda “Mekge we Medinä zyýarata gidýän raýatlaryň käbirinden aýratyn uly möçberde para almakda aýyplanýan” resmileri görkezdi. Döwlet mediasy Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň hem-de Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Din guramalary bilen işleşmek bölüminiň üç hünärmeniniň “wezipe ygtyýarlyklaryndan öz gara nebisleri üçin peýdalanmak” we haj zyýaratyna dalaşgärlerden para almakda aýyplanýandygyny habar berdi.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy derňewler netijesinde 2018-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2019-njy ýylyň iýul aýy aralygynda ýol berlen “haj parahorlygynyň” üstüniň açylandygyny habar berdi. Döwlet telewideniýesi elleri gandally resmileri toba edýän görnüşde görkezdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy haj zyýaratynyň töweregindäki para-bermit aýyplamalary bilen bagly ýagdaýlar boýunça yzygiderli habar berip gelýär.

Ýaňy-ýakynda habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan uly ýaşly bir türkmenistanly özüniň 2000-nji ýyldan bäri haj nobatyna ýazylýandygyny, ýöne 20 ýyldan gowrak wagt bäri öz nobatynyň ýetmeýändigini gürrüň berdi.

“Eger men para berip, biriniň nobatyny alsam, meniň haj sogabym puç bolar. Meniň nobatym heniz hem ýetenok. Men bu ýyl hem haj zyýaratyna gidip bilmejekdigime gynandym” diýip, türkmenistanly dindar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň daşary ýurtlara amala aşyran ilkinji resmi däl saparynyň çäginde 1-2-nji iýunda mukaddes Mekge we Medine şäherlerine zyýarat etdi.

Yslam ynanjynda parz hasaplanýan haj zyýaraty musulmanlaryň aý senenamasynyň 12-nji aýynyň, ýagny zülhijje aýynyň ilkinji on günlüginde amala aşyrylýar. Bu ýyl haj möwsümi 7-nji iýul – 12-nji iýul aralygyna gabat gelýär. Haj möwsüminiň üçünji gününde musulmanlar Gurban baýramyny belleýär.

Saud Arabystany haj zyýaratyna isleg bildirýän adamlar üçin her ýurduň musulman ilatyna laýyklykda ýörite kwota hödürleýär. Saud häkimiýetleri bu ýyl özleriniň 1 million töweregi zyýaratçyny kabul edip biljekdiklerini yglan etdiler.

“2017-2018-nji ýyllarda gurply hojalyklar köp para-pul hödürläp, haja gitdiler. Yzly-yzyna her ýyl giden adamlar boldy” diýip, 20 ýyldan gowrak wagt bäri haj nobatyna ýazylýan türkmenistanly gürrüň berýär.

Türkmenleriň arasynda haj zyýaratyny amala aşyran adamlar aýratyn sylag-hormata mynasyp hasaplanýar. Ýöne mukaddes zyýaratyň töweregindäki para-peşgeş dindarlary alada goýýar.

"[Bu ýyl haja gitmek üçin] 4-5 müň dollar pul berjekler hem tapylypdyr. Men razylaşman yzyma gaýtdym... Bu ýyl ýene para-puly ýokarlandyrypdyrlar... Päk ýürekden eden arzuw-dilegim puç boljak!.. Halal zat galmandyr bu dünýede...” diýip, türkmenistanly musulman anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG