Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ynsanperwer hemaýaty Kabula geldi

Ýer titreme has erbet Paktikada duýuldy.
Ýer titreme has erbet Paktikada duýuldy.

Türkmenistanyň Owganystandaky weýrançylykly ýer titreme bilen baglylykda ugradan ynsanperwer kömegi Kabula geldi. Bu barada 25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

22-nji iýunda Kabulyň 160 km günorta-gündogarynda ýüze çykan 6,1 magnitudaly ýer sarsgynynda 1 müňden hem aşa adam heläk boldy, 1 müň 500-e golaýy hem ýaralandy.

Ýer titreme has erbet Pakistan bilen serhediň golaýyndaky, daglyk sebitde ýerleşýän Paktikada duýuldy. Ýer titremede welaýatyň köp obasy we Bermal etraby ýer-ýegsan boldy.

Resmi türkmen maglumatyna görä, Türkmenistan azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden, we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan jemi 24 tonna 700 kg ýük iberipdir.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň öz çäginde ýuze çykan tebigy betbagtçylyklar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada habar bermekden ýyllarboýy saklanyp gelýärler.

Şeýle-de, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar häkimiýetleriň weýrançylykly tebigy hadysalaryň netijelerini aradan aýyrmakda hem hemaýat bermeýändigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG