Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Askar Akaýew 2005-nji ýylda häkimiýetden çetleşdirilmegini häkimiýetleri tankytlaýan garaşsyz gazetleriň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrdy. Onuň sözlerine görä, Gyrgyzystandaky söz azatlygy goňşy Gazagystanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gaharyny getirdi.
Akaýew Germaniýanyň DW neşiri bilen söhbetdeşlikde käbir daşarky güýçleriň Gürjüstandaky we Ukrainadaky reňkli rewolýusiýalardan soň Özbegistanda döwlet agdarylyşygy gurnamak isländigini, emma bu iş başa barmansoň, Gyrgyzystana üns berendiklerini öňe sürdi.
“Metbugat azatlygy bolansoň, ol [Gyrgyzystan] iň gowşak zweno bolup durýardy. Meniň iň uly ýalňyşym “Freedom House" guramasyna metbugat üçin çaphanalary döretmäge rugsat bermekden ybarat boldy diýip hasaplaýaryn. Uly erkinlik berdim we olar ähli garaşsyz gazetleri çap edip başladylar. Biz hakda, maşgala hakynda her hili zatlaryň çap edilýän gazetlerini mugt, millionlarça nusgada köpeltdiler” diýip, öňki prezident ýatlamalaryny paýlaşdy.
Onuň sözlerine görä, goňşy ýurtlaryň prezidentleri hem bu çaphanalaryň işinden nägile boldular, sebäbi olaryň ýurtlarynda gadagan edilen oppozisiýa neşirleri Gyrgyzystanda çap edilip, soňra Gazagystanda we Özbegistanda ýaýradylýardy.
Akaýew 1991-2005-nji ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyň prezidenti boldy. 2005-nji ýylyň 24-nji martynda “Çigildem rewolýusiýasy” wagtynda işinden çekildi we tiz wagtdan Moskwada syýasy gaçybatalga aldy.