BBC-niň žurnalistleri, açyk çeşmeler esasynda, 24-nji iýuna çenli Ukrainadaky urşuň dowamynda ölen rus esgerleriniň 4010 sanysynyň adyny anyklandyklaryny habar berdiler. Bu görkeziji urşa meýletin giden rus raýatlaryny hem öz içine alýar.
Žurnalistler ölen meýletinçileriň sanynyň “çalt artýandygyny” we olaryň arasyndaky ýitgileriň beýleki kategoriýalara garanyňda ýygy-ýygydan habar berilýändigini belleýärler. Her hepde 30-40 meýletinçiniň ölendigi barada habar çykýar, olaryň 20 göterimi 50 ýaşdan geçen adamlar.
Şeýle-de, ölenleriň 17 göteriminiň ofiserlerdigi aýdylýar. BBC serkerde ýitgileriniň ýokary bolmagyny rus goşunynyň gurluşy bilen baglanyşdyrýar.
Ölenleriň 20 göterimi Howa güýçlerinde, 19 göterimi motorlaşdyrylan goşunlarda gulluk edýärdi. Şeýle-de, BBC azyndan 42 harby pilotyň ölendigini habar berdi.
Iňlis harby aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, maý aýynyň ahyryna çenli Russiýa Ukrainada 15 000 töweregi adam ýitirdi.
Ukrainanyň Baş ştabynyň habaryna görä, rus goşunynda ölenleriň sany 30 000-den geçdi. Söweş şertlerinde taraplaryň pidalar barada berýän maglumatlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.