Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uly Berdimuhamedowyň doglan gününde daşary ýurtly bagşylar aýdym aýdar


Amerikaly aýdymçy Jenifer Lopeziň Berdimuhamedowy 56 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap eden çykyşy üçin 1,5 million dollar möçberinde pul gazanandygy aýdylypdy.
Amerikaly aýdymçy Jenifer Lopeziň Berdimuhamedowy 56 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap eden çykyşy üçin 1,5 million dollar möçberinde pul gazanandygy aýdylypdy.

Sosial ulgamlarda 28-29-njy iýunda, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat, Änewdäki ak öý binasynda daşary ýurtly bagşy-sazandalaryň konsertleriniň guraljakdygy habar berilýär.

"Türkmenportal" neşiriniň ýazmagyna görä, Änewde boljak konsertde Dr.Alban (Şwesiýa), Akon (Senegal), Demet Akalyn (Türkiýe), Amani Swissi (Tunis), Emin Agalarow (Azerbaýjan), «Artik&Asti» topary we beýlekiler çykyş eder.

Bu konsertler hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň 29-njy iýunda, G.Berdimuhamedowyň 65 ýaşynyň dolýan gününde Aşgabatda geçirilýän Kaspi sammitine we Medeniýet hepdeliginiň soňky, jemleýji günlerine hem gabat geldi.

27-nji iýunda Türkmenistanyň paýtagynda we sebitlerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gurnalan baýramçylyk dabaralary geçirildi, beýik şahyryň heýkellerine gül çemenleri goýuldy.

TDH Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän ak öý binasynda geçirilen döredijilik agşamyna prezident Serdar Berdimuhamedowyň we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşyp, baýramçylyk gutlagy bilen çykyş edendigini habar berdi.

Konsertde uly Berdimuhamedowyň döreden “Leýlisaç barada rowaýat”, “Ak güllerim saňa”, “Ýadymda”, “Bagt nury” diýen aýdymlarynyň “tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşy alnandygy”, bilelikde ýerine ýetirilen “Alkyşnama” aýdymynyň “asylly işlere” “özboluşly alkyş bolup ýaňlanandygy” aýdylýar.

Mundan öňki ýyllarda G.Berdimuhamnedowyň doglan gününe gabat guralan dabaralaryň "iň göze ileni" 2013-nji ýylda bolupdy.

Şonda amerikan aýdymçysy Jenifer Lopeziň Berdimuhamedowy 56 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap eden çykyşy üçin 1,5 million dollar möçberinde pul gazanandygy aýdylypdy.

Emma Lopez biraz soň "şeýle gapma-garşylykly at-abraýly syýasatçy" üçin beren konsertiniň ýalňyşlyk bolandygyny boýun alyp, köpçüligiň öňünde ökünýändigini aýdypdy.

Berdimuhamedowyň doglan günüe gabat Awazada geçirilen baýramaçylyk konsertine orsýetli aýdymçylar, şol sanda Filip Kirkorow, türkiýeli Mustafa Sandal we liwanly Nansi Ajram ýaly bagşylar hem gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG