Rus güýçleriniň Lisiçanska gaýgyrman top atmagy bilen, sebit resmileri ýurduň gündogaryndaky goranyş ýagdaýlarynyň örän kyndygyny aýdýarlar, prezident Wolodymyr Zelenski Russiýany Keremençukdaky asuda ilaty bilkastdan nyşana almakda aýyplady.
Mähelleli söwda merkezine urlan raketa zarbasynda azyndan 18 adam öldi, onlarça adam bolsa şindi hem tapylmaýar.
"Rus raketasy bu ýeri takyk urdy. Bil-kast-dan... Rus ganhorlarynyň bu ýeriň takyk koordinatlaryny alandygy açyk" diýip, Zelenski adaty agşamky wideo ýüzlenmesinde aýtdy. "Olar köp adamy öldürmek islediler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Zelenski 28-nji iýunda BMG-ä hem ýüzlendi we raketa zarbasynyň urlan ýerine ýörite wekiliň ýa-da baş sekretaryň özüniň gelip görmegine çagyrdy.
Ol bu haýyşy 28-nji iýunda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň raketa hüjüminden soň, Kiýewiň haýyşy esasynda geçiren adatdan daşary mejlisinde eden wirtual çykyşynda etdi.
Häkimiýetler 27-nji iýunda bur zarbadan soň ýiten 36 töweregi adamyň henizem tapylmandygyny aýtdylar. Russiýa söwda merkezini nyşana alandygyny ret edip, atan raketalarynyň ýarag ammaryna gönükdirilendigini öňe sürdi.