Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO II jahan urşundan bäri iň uly synag bilen ýüzbe-ýüz bolýar - Stoltenberg


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

Baş sekretar Jens Stoltenberg 29-njy iýunda eden çykyşynda, Russiýanyň Ukrainadaky urşy bilen baglylykda, NATO-nyň Ikinji jahan urşundan bäri iň uly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy. Ol Moskwanyň ýaranlygyň agza döwletlerine göni wehim salýandygyny hem sözüne goşdy.

Stoltenberg NATO-nyň Madridde geçirilýän we bileleşigiň geljegi üçin möhüm strategiki meýilnama kabul edilmegine garaşylýan sammitiniň ikinji gününe gelen ýaranlaryň “iň çynlakaý howpsuzlyk krizisiniň arasynda" duşuşýandygyny aýtdy. “Bu taryhy we özgerişlik sammiti bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Biz Russiýanyň öz howpsuzlygymyza gönüden-göni wehim salýandygyny aç-açan aýdarys" diýip, Stoltenberg aýtdy. Ol NATO-nyň öňüni almak, has köp söweş güýçlerini ýerleşdirmäge ukyply bolmak we indiki ýyla çenli Gündogar Ýewropada has köp enjamyň öňünden ýerleşdirilmegini gazanmak meselesinde ylalaşjakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, Stoltenberg Türkiýe Şwesiýanyň we Finlandiýanyň NATO agzalygyna garşylygyny bes edeninden soň, bu iki ýurduň harby ýaranlyga goşulmagynyň çalt tassyklamagyna garaşýandygyny aýtdy.

"Biz sammitde Şwesiýany we Finlandiýany agza bolmaga çagyrmak barada karar bereris, bu görlüp-eşidilmedik derejede tiz" diýip, ol NATO-nyň Madriddäki sammitiniň ikinji gününde ol žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

XS
SM
MD
LG