Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew 2020-nji ýyldaky bidüzgünçilikler meselesinde aklandy

 28-nji iýun, 2022
28-nji iýun, 2022

Bişkekdäki kazyýet Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaewi 2020-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletini gaplap alan köpçülikleýin protestler bilen baglanyşykly jenaýat işinde bildirilýän günälerinden aklady.

Birinji Maý etrap kazyýeti 28-nji iýunda Atambaýewi we onuň alty iş şärigini köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda we olara gatnaşmakda, bikanun ýarag saklamakda we hukuk goraýjy edaralara haýbat atmakda bigünä hasaplaýandygyny aýtdy.

Prokurorlar şol gün irden kazyýetden Atambaýewi günäkärlemegi we ony 12 ýyl azatlykdan mahrum etmegi soradylar.

Garalawçylar öňki prezident bilen bilelikde günäkärlenýänler üçin 7 ýyldan 9 ýyla çenli aralykda iş kesilmegini soradylar.

Atambaýewe mundan öň 2013-nji ýylda ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesi Aziz Batukaýewiň bikanun boşadylmagynda oýnan roly sebäpli 11 ýyl türme tussaglygy hökümi çykaryldy.

2020-nji ýylyň oktýabr aýynda hökümete garşy gurnalan protestler köpleriň galp hasaplan dawaly parlament saýlawy sebäpli başlandy.

Protest wagtynda Atambaýew hem tussaglykdan boşadyldy we beýleki birnäçe syýasatçy bilen gozgalaňa goşuldy. Ol biraz soň gaýtadan tussag edildi we türmä ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG