Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Terrorda aýyplanýan rus blogçysy Gürjüstana baryp, Tbilisiden Litwa uçdy


 Insa Lander 
 Insa Lander 

Russiýada terrorçylykda aýyplanýan demirgazyk kawkazly blogçy, derňew habarlaryny ýazmagynyň öňüni almak synanyşygynyň arasynda, Russiýa-Gürjüstan serhedindäki bitarap zonada iki hepdeden gowrak saklanandan soň, özüne Gürjüstana girmäge rugsat berlendigini aýdýar.

Insa Oguz ady bilen tanalýan Insa Lander 29-njy iýunda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna häkimiýetler ýurda girmegine rugsat bereninden soň, 27-nji iýunda Gürjüstana girendigini we derrew Litwa uçandygyny aýtdy.

12-nji iýunda dogduk mekany Kabardino-Balkariýa sebitinden gaçan Lander, Gürjüstanyň häkimiýetleriniň ýurda girmegine rugsat bermekden boýun gaçyrmagy sebäpli, serhediň bitarap böleginde saklandy.

Häkimiýetler onuň ýurda gelmeginiň maksady barada gapma-garşylykly maglumat berendigini aýtdylar, ýöne munuň jikme-jikliklerini düşündirmediler.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň bildiren gahar-gazaplarynyň arasynda, Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi blogça öz ýurdunda terrorçylyk bilen baglanyşykly aýyplama bildirilýändigini aýdyp, onuň ýurda girmegine rugsat berilmezliginiň sebäbini esaslandyrmaga synanyşdy.

Köp ýyllap Moskwada ýaşan Lander dekabr aýynda garyndaşlaryny görmäge geleninde, Kabardino-Balkariýada tussag edildi. Oňa terrorçy topara adam toplamak aýyplamasy bildirildi. Bu aýyplama onuň bir tanşy bilen geçiren onlaýn söhbetdeşligine esaslanýardy.

Lander we onuň tarapdarlary bu jenaýat işiniň Kabardino-Balkariýanyň ýokary derejeli resmisiniň ýolbaşçylygyndaky haýyr-sahawat gaznasynda bolmagy mümkin korrupsiýanyň derňelmeginiň öňüni almak üçin toslanyp tapylandygyny aýdyp, bu aýyplamany ret etdiler.

XS
SM
MD
LG