Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lisiçanskdaky ýagdaý 'örän agyr’, Zelenski Moskwany parahat ilaty bilkastdan nyşana almakda aýyplaýar


"Lisiçanskdaky ýagdaý gaty agyr, ähli zat ýykylyp-ýumrulýar, bu ýer ýakmak syýasaty" diýip, Haýdaý telewideniýede berlen çykyşynda aýtdy.
"Lisiçanskdaky ýagdaý gaty agyr, ähli zat ýykylyp-ýumrulýar, bu ýer ýakmak syýasaty" diýip, Haýdaý telewideniýede berlen çykyşynda aýtdy.

Rus güýçleriniň Lisiçanska gaýgyrman top atmagy bilen, sebit resmileri ýurduň gündogaryndaky goranyş ýagdaýlarynyň örän kyndygyny aýdýarlar, prezident Wolodymyr Zelenski Russiýany Keremençukdaky asuda ilaty bilkastdan nyşana almakda aýyplaýar. Mähelleli söwda merkezine urlan raketa zarbasynda azyndan 18 adam öldi, onlarça adam bolsa şindi hem tapylmaýar.

"Rus raketasy bu ýeri takyk urdy. Bil-kast-dan... Rus ganhorlarynyň bu ýeriň takyk koordinatlaryny alandygy açyk" diýip, Zelenski adaty agşamky wideo ýüzlenmesinde aýtdy. "Olar has köp adamy öldürmek islediler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski 28-nji iýunda BMG-ä hem ýüzlendi we raketa zarbasynyň urlan ýerine ýörite wekiliň ýa-da baş sekretaryň özüniň gelip görmegine çagyrdy.

Ol bu çagyryşy 28-nji iýunda, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň raketa hüjüminden soň, Kiýewiň haýyşy esasynda geçiren adatdan daşary mejlisinde eden wirtual çykyşynda etdi.

Häkimiýetler 27-nji iýunda bu zarbadan soň ýiten 36 töweregi adamyň henizem tapylmandygyny aýtdylar. Russiýa söwda merkezini nyşana alandygyny ret edip, atan raketalarynyň ýarag ammaryna gönükdirilendigini öňe sürdi.

Angliýanyň Goranmak ministrligi 29-njy iýunda çap eden gündelik habarynda Kremençuk söwda merkezine urlan raketanyň golaýdaky infrastruktura nyşanasyna gönükdirilmegine "hakyky mümkinçiligiň" bardygyny aýtdy.

Aňtaw habarynda bellenmegine görä, Russiýanyň uzak aralyga zarba urmakda islenilýän takyklygynyň ýokdugy ozal, 9-njy aprelde Kramatorsk demirýol menziline urlan zarbada we beýleki zarbalarda hem göründi. Demirýol menziline urlan zarba köp sanly asuda adamyň heläk bolmagyna getirdi.

Rus goşunynda has takyk zarba urýan ýaraglaryň ýetmezçilik etmegi we nyşana alýan harbylaryň hünär taýýarlygynyň gowy bolmazlygy göz öňünde tutulanda, uzakdan urulýan rus zarbalarynyň mundan beýläk hem parahat adamlaryň ölmegine sebäp boljagyny çaklasa bolar diýip, britan habardynda aýdylýar.

Lisiçanskda bolsa, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň baş serkerdeliginiň resmileriniň 29-njy iýunda beren maglumatlaryna görä, rus güýçleri Moskwanyň Ukrainanyň senagat merkezi bolan Donbasy basyp almak tagallalarynyň esasy söweş meýdanyna öwrülen şäheriň daşyny gabap almak synanyşyklaryny doly güýjünde dowam etdirýär.

Britan aňtaw gullugy rus güýçleriniň Lisiçansk şäherini gabamak ugrundaky tagallalarynda ileri süýşmegi dowam etdirýändigini aýtdy. Habarda tassyklanmagyna görä, rus güýçleri 25-nji iýundan bäri şäheriň günortasynda, Lisiçansk nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň golaýynda ýene 2 km öňe süýşüpdir.

Luhanskdaky harby administrasiýanyň başlygynyň Lisiçanskyň içinden beren habary hem bu ýerdäki harby hereketleriň güýçlenýändigini tassyklaýar.

"Ruslar özlerine elýeterli bolan ähli ýaragy ulanýarlar ... olar nyşanalaryň harby ýa-da harby däldigine hem garamaýarlar - mekdepleri, çagalar baglaryny, medeni edaralary oka tutýarlar" diýip, Serhiý Haýdaý aýtdy.

Şeýle-de ol Lisiçanskdaky ýagdaýlaryň ekiztaý şäheri bolan Sewerodonetskdäki ýagdaýlara gaty çalymdaşdygyny, rus goşunlarynyň ol şäher synmazyndan öň aldygyna bina yzyna bina ýumurmaga başlandygyny aýtdy. Sewerodonetsk 25-nji iýunda ruslaryň eline geçdi.

"Lisiçanskdaky ýagdaý gaty agyr, ähli zat ýykylyp-ýumrulýar, bu ýer ýakmak syýasaty" diýip, Haýdaý telewideniýede berlen çykyşynda aýtdy.

Günorta Mikolaýiw şäheriniň häkimi Oleksandr Senkewiç 29-njy iýunda irden köp gatly ýaşaýyş jaýyna zarba urlandygyny we ol ýere halas edijileriň kömege barandygyny aýtdy.

Ukrainanyň gündogaryndaky Dnipropetrowsk sebitiniň sebit administrasiýasynyň başlygy Walentin Rezniçenko bolsa, düýn rus raketasy bilen urlan binanyň harabalygynyň aşagynda bir erkek bilen bir aýalyň jesetleriniň tapylandygyny aýtdy.

Ol biraz öň Russiýanyň 28-nji iýunda bu sebite alty sany raketa atandygyny, olaryň üçüsiniň urlup gaçyrylandygyny aýdypdy.

Şu aralykda, Russiýa tarapyndan bellenen resmiler, Moskwanyň buýruklaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrandan soň, öz howpsuzlyk güýçleriniň 28-nji iýunda Herson şäheriniň häkimi Ihor Kolihaýewi tussag edendigini aýtdylar. Ýerli resmileriň biri häkimiň alnyp gaçylandygyny aýtdy.

Gara deňziň port şäheri bolan Herson Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarym adasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG