Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Gündogardaky hüjümlerini güýçlendirýär, Lisiçansk aldygyna topa tutulýar


Lisiçansk
Lisiçansk

Rus goşunlary Lisiçansk şäherini güýçli artilleriýa okuna tutmagy dowam etdirýärler, sebit resmileri Ukrainanyň gündogardaky iň soňky berkitmesiniň "ägirt uly" bomba nyşanasyna öwrülendigini, şol bir wagtda garşydaşlaryň Dnipropetrowsk sebitindäki ilatly nokatlara hem hüjüm edendigini aýtdylar.

Luhansk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Haýdaý Lisiçanskyň uly kalibrli ýaraglar bilen yzygiderli oka tutulýandygyny aýtdy.

Rus goşunlary, Moskwanyň Ukrainanyň senagat merkezi bolan Donbasy basyp almak synanyşygynyň çäginde esasy söweş meýdanyna öwrülen strategiki depe şäheriniň, Seweredonetskiň ekiztaýy Lisiçanskyň daşyny gabap almaga çalyşýarlar.

Birnäçe hepde dowam eden we ýüzlerçe parahat ýaşaýjynyň ölmegine, şäheriň haraba öwrülmegine getiren aldym-berdimli söweşlerden soň, golaýdaky Sewerodonetsk şäherini ele geçiren Moskwa soňky günlerde Lisiçansk şäherine edýän hüjümlerini güýçlendirdi.

"Söweş şäher eteklerinde dowam edýär. Rus goşuny yzyny kesmän hüjüm etmäge synanyşýar" diýip, Haýdaý ukrain telewideniýesinde berlen we soňra öz telegram kanalynda ýerleşdirilen wideosynda aýtdy.

"Häzir söweşler ýetjek derejesine baryp ýetdi. Topa tutuşlygyň ýygjamlygy gaty uly” diýip, Haýdaý uruşdan öň 100,000 töweregi ilaty bolan şäherde häzir 15,000 töweregi parahat ýaşaýjynyň galandygyny aýtdy.

Ruslar bu ýere "köp sanly ulag, örän köp adam getirdiler. Olar topa tutmagy we hüjümlerini kesmän dowam etdirýärler” diýip, Haýdaý aýtdy.

Angliýanyň Goranmak ministrligi 30-njy iýunda çap eden gündelik habarynda Lisiçanskdaky söweşiň häzirki wagtda şäher merkezinden 10 km günorta-günbatarda ýerleşýän nebit zawodynyň töweregine gönükdirilendigini, emma Sewerodonetskden çykarylan ukrain güýçleriniň bu şäherdäki pozisiýalaryny saklamagy dowam etdirýändigini aýtdy.

Rus goşunlary Dnipropetrowsk sebitindäki Zelenodolsk we Welyka Kostromka obalaryny hem topa tutdy diýip, sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Walentin Rezniçenko aýtdy.

"Duşman Kriwi Rih etrabyndaky oba-şäherlere hem dowul salmagyny dowam etdirýär... Zelenodolskda duşman 40 tonna möçberinde galla saklanýan ammary ýumurdy. Partlama ýangyna sebäp boldy" diýip, Rezniçenko Telegramda ýerleşdiren habarynda ýazdy.

Britan aňtaw gullugynyň hasaplamalaryna görä, ukrain güýçleriniň duşmany haýalladýan söweşleri dowam etdirip, soňra öz daşyny gabatmakdan gaça durup, tertip-düzgünli yza çekilmegi bu urşuň netijelerinde esasy faktor bolup galmagyny dowam etdirjege meňzeýär.

Emma ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň müdiri Awril Heýns 29-njy iýunda perspektiwalaryň “örän gümürtik” görünýändigini we rus prezidenti Wladimir Putiniň şindi hem Ukrainanyň köp bölegini basyp almak niýetinden el çekmeýändigini aýtdy.

"Prezident Putine syn edýän mahalymyz biz şindi hem şol bir öňki ýagdaýymyzda galmagy dowam etdirýäris we onuň, edil öňküsi ýaly, şol bir syýasy maksatlary, ýagny Ukrainanyň köp bölegini basyp almak niýeti saklanyp galandyr öýdýäris” diýip, Heýns ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy.

ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň çaklamalaryna görä, ýakyn geljekde bu urşuň erjel bir çaknyşyga öwrülmegi mümkin we rus güýçleri belli bir üstünlikleri gazanyp bilerler, emma Putiniň nazarda tutýan maksadyna ýetmek babatynda uly bir böwsüş edip bilmezler diýip, Heýns aýtdy.

Ýöne aňtaw gulluklary mundan başga hem iki ssenariýany göz öňünde tutýarlar. Bu çaklamalara görä, Russiýanyň uly üstünlik gazanmagy mümkin we Kiýewiň, Russiýanyň ele geçiren Herson şäheriniň we Ukrainanyň günortasyndaky beýleki sebitleriň golaýynda belli bir ilerleme edip, front hatarlaryny durnuklaşdyrmagy başarmagy mümkin.

Şu aralykda, NATO liderleriniň Madridde geçirilýän möhüm sammitine ýülneip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski rus hüjümleriniň öňüni almak üçin Kiýewe has agyr ýaraglaryň we goşmaça maliýe goldawynyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de ol Moskwanyň isleg-arzuwlarynyň diňe Ukraina bilen çäklenmejekdigini duýdurdy.

Russiýany öz ýaranlarynyň howpsuzlygyna iň "göni howp" diýip atlandyran NATO Ukrainanyň goşunyny döwrebaplaşdyrmak wadasyny berdi.

XS
SM
MD
LG