Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik polisiýasy sada eşikli zenany näme üçin urdy?


Elobat Ogalikowa
Elobat Ogalikowa

Täjigistanyň Sogd welaýatynyň Spitamen etrabynyň ýaşaýjysy 60 ýaşyndaky Elobat Ogalikowa milisiýa işgärleri tarapyndan tussag edilmeginden hem urlup-ýenjilendiginden şikaýat edýär. Ýerli Içeri işler bölümi oňa el göterilen faktyny inkär edýär we milisiýa işgäriň talabyna gulak asmandygy üçin, aýalyň garşysyna administratiw işiň açylandygyny habar berýär.

Waka 27-nji iýunda, Täjigistan Milli agzybirlik gününi belleýän mahaly ýüze çykdy. Ýerli Medeniýet köşgüniň golaýynda ýaşaýan Elobat Ogalikowa irden baýramçylyk çäreleriniň açylyş dabarasyna gitmek kararyna gelipdir.

“Medeniýet köşgüniň girelgesinde, milisiýa işgärleri meni sakladylar we meniň içeri girip bilmejekdigimi aýtdylar. Soň meni zor bilen ulaga mündürip, milisiýa bölümine eltdiler. Ýolda olaryň biri meniň kelläme urdy, men huşumy ýitirdim. Güýç ulanmak bölümde hem dowam etdi. Näme üçin we haýsy jenaýat üçin meni urdular?" diýip, Elobat Ogalikowa gaharly soraýar.

Elobat Ogalikowa tene düşen şikesiň rentgen suratyny görkezýär.
Elobat Ogalikowa tene düşen şikesiň rentgen suratyny görkezýär.

Aýal üç milisiýa işgäriniň özüni ýerli milisiýa bölüminiň binasynda, ýedi sagat saklandygyny öňe sürdi.

Merkezi etrap hassahanasy 27-nji iýunda, ol aýalyň goluna we aýagyna şikes ýetendigini, şeýle hem agyr kelle agyrysyndan zeýrenendigini tassyklady. “Oňa ýeten şikesleriň ählisi kagyz ýüzünde dokumentleşdirildi. Ertesi gün irden ony keselhanadan çykardyk" diýip, keselhananyň wraçlaryndan biri aýdýar.

Spitamen etrabynyň Içeri işler bölümi Elobat Ogalikowanyň milisiýa işgäriniň kanuny talaplaryna boýun bolmandygy üçin, tussag edilendigini tassyklady, ýöne kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan, onuň urlandygyny inkär etdi. Içeri işler ministrliginiň habar bermegine görä, Elobat Ogalikowanyň garşysyna Täjigistan Respublikasynyň administratiw hukuk bozulmalary baradaky kodeksiniň 479-njy (milisiýa işgäriniň ýa-da jemgyýetçilik tertibini goramak wezipesini ýerine ýetirýän adamlaryň kanuny buýrugyna boýun bolmazlyk) maddasy esasynda, administratiw kazyýet işi açyldy. Bu iş boýunça ol aýala bäşden, on gün aralygynda administratiw tussaglyk ýa-da 200 somona çenli jerime tölemek howpy abanýar.

Elobat Ogalikowanyň ogly Abdusattor Kobilow ejesiniň ýerli Içeri işler bölümine we etrap häkimligine özüni uran milisiýa işgärlerine garşy arza ýazandygyny aýtdy.

Spitamen sebitiniň ýerli häkimiýetleri Elobat Ogalikowanyň maşgalasy bilen bagly hiç hili meseläniň ýokdugyny, ol garry aýalyň arzasynyň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, Azady Radiosynyň habarçysynyň “Näme üçin zenana Milli agzybirlik gününe bagyşlanan çäreleriň açylyş dabarasyna barmagyna rugsat berilmedi?” diýen soragyna jogap bermekden boýun gaçyrdylar.

Elobat Ogalikowanyň özi munuň sebäbiniň ol ýere baranda, baýramçylyk egin-eşiginde däldigi bilen düşündirýär. “Medeniýet köşgüniň agzyndaky milisiýa işgärleriniň biri ilki meniň gara köýnegimi görkezdi, soň bolsa meniň dabara çagyrylmandygyny aýtdy. Men çagyryldymmy ýa-da çagyrylmadym – onuň tapawudy näme. Bu baýramçylyk ahyryn, meniňem konserte tomaşa edesim, beýlekiler deňi begenesim gelýär. Mende başga bir erbet niýet ýok ahyry... Etrap başlygyna garşy hiç hili arz-şikaýatym ýok, ol bize birnäçe gezek kömek etdi. Oglum ölende, başlygyň özi gelip, jaýlanyş çäresini gurnamaga kömek etdi" diýip, Elobat Ogalikowa düşündirýär.

Täjigistanda, adatça, hökümet çärelerine we resmi baýramçylyklara bagyşlanan dabaralara diňe saýlananlar çagyrylýar. Häkimiýetler munuň çärä gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerurdygyny aýdýarlar. Aýry-aýry adamlar hatda meýdançalarda ýa-da stadionlarda geçiriljek teatr çykyşlaryna-da goýberilmeýär.

Farzon Muhammadi, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG