Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk prezidenti türkmen kärdeşini sapara çagyrýar


 Fuat Oktaý
Fuat Oktaý

Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý 1-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, oňa Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň sapara gelmek baradaky çakylygyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.

Öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iki günlük sapara gelen myhman, habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, türkmen lideri bile türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdy.

"Anadolu” habar gullugynyň maglumatyna görä, saparyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisinden başga, Türkmen-türk işewürlik forumy hem geçiriler.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda ösdüriljekdigine, anyk many-mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirildi diýip, habarda aýdylýar.

Bu duşuşyk türkmen lideriniň we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň birden birnäçe türk işewüri, şol sanda ozal türkmen hökümeti bilen 'oňuşmandygy' belli bolan "Polimeks' komapaniýasynyň başlygy Erol Tabanja bilen duşuşyp, täze hyzmatdaşlyk maslahatlartyny etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG