Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada ýene-de bir alym döwlete haýynlyk etmekde aýyplanýar


Anatoliý Maslow
Anatoliý Maslow

Rus häkimiýetleri Nowosibirsk şäherinde ýene-de bir alymy döwlete dönüklik etmekde aýypladylar. 75 ýaşly Anatoliý Maslowyň haýal etmän Moskwa geçirilendigi aýdylýar.

"Academ.info" neşiriniň maglumatyna görä, Orsýet Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň teoretiki we amaly mehanika institutynyň baş ylmy barlagçysy, 75 ýaşly professor Anatoliý Maslow 27-nji iýunda tussag edildi.

Habarda onuň uçarly Moskwa getirilip, "Lefortowo' tussaghanasynda ýerleşdirilendigi bellenýär.

Maslow soňky günlerde Nowosibirskde dönüklik aýyplamasy, Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 275-nji maddasy esasynda tussag edilen ikinji alym boldy.

54 ýaşly Dmitri Kolker 30-njy iýunda keselhanadan alnyp gidildi, ol aşgazan asty mäzlerindäki düwnük keseli sebäpli hassahanada bejergi alýardy.

Neşiriň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölümindäki çeşmesiniň beren maglumatyna görä, Anatoliý Maslowyň işi döwlet syryna girýän ýaraglar baradaky maglumatlaryň başga birlerine geçirilmegi bilen bagly. Has anygy, Kolker babatynda bolşy ýaly, alym sesden ýüwrük ýaraglar baradaky maglumatlary Hytaýa geçirmekde güman edilýär.

XS
SM
MD
LG