Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski ukrain goşunynyň Moskwanyň islegini 'döwmekde' gaýduwsyzdygyny aýdýar


"Bu ganly urşy rus häkimiýetleri başlady. Olar ägirt uly weýrançylyga sebäp boldular we munuň üçin jogapkärçilige çekilmeli" diýip, prezident Wolodymyr Zelenski Kiýewden wideo arkaly eden ýüzlenmesinde aýtdy.
"Bu ganly urşy rus häkimiýetleri başlady. Olar ägirt uly weýrançylyga sebäp boldular we munuň üçin jogapkärçilige çekilmeli" diýip, prezident Wolodymyr Zelenski Kiýewden wideo arkaly eden ýüzlenmesinde aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski rus prezidenti Wladimir Putin öz goşunyna gündogar Ukrainadaky hüjümlerini dowam etdirmegi buýranyndan birnäçe sagat soň çykyş edip, öz ýaragly güýçleriniň Moskwanyň öz ýurduna garşy alyp barýan urşundaky erkini “syndyrmak” tagallalarynda gaýduwsyzdygyny aýtdy.

Zelenski 4-nji iýul güni, giçlik eden wideo ýüzlenmesinde, Ukrainanyň Lisiçanskdan çekilmegine we Russiýanyň gündogar Luhansk sebitini doly gözegçilik astyna almagyna garamazdan, öz goşunlarynyň söweşlerini dowam etdirýändigini, Moskwanyň hüjüm etmek ukybynyň "döwüljekdigini" aýtdy.

"Biziň olary döwmegimiz gerek. Bu gaty kyn iş. Ol wagt we adatdan daşary tagallalary talap edýär. Emma biziň başga alternatiwamyz ýok" diýip, ukrain lideri aýtdy.

Ukrain goşunlary 5-nji iýulda Donetskde täze goranyş sepgitlerini eýeledi. Olaryň bu ýerden şindi hem esasy şäherleri gözegçilikde saklaýandygy aýdylýar.

Donetsk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Pawlo Kirilenko rus goşunlarynyň öten agşam Slowýansk we Kramatorsk şäherlerini top okuna tutandygyny aýtdy.

"Olar indi duşmanyň hüjüm etmegi üçin hem esasy ugur bolup durýar" diýip, ol öz agzan şäherlerini nazarda tutup aýtdy we “Donetsk sebitinde topa tutulmaýan hem-de howpsuz ýer ýok” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň harby güýçleri 3-nji iýul güni giçlik, esgerleri aýamak üçin, dyngysyz bombalanýan Lisiçansk şäherinden çekilendigini aýtdy.

Prezident Zelenskiý bolsa, "döwrebap ýaraglar meselesindäki üpjünçiligiň gowulanmagy sebäpli", bu şäheri yzyna almak wadasyny berdi.

"Bu Russiýanyň Ukrainanyň çägindäki iň soňky ýeňşi” bolar diýip, Zelenskiniň geňeşçisi Oleksi Arestowiç internetde ýerleşdirilen wideosynda aýtdy.

Arestowiç, Donetsk ugrundaky söweşinden başga, Ukrainanyň ýurduň günortasynda hem garşylykly hüjüme başlamaga umyt baglaýandygyny aýtdy.

"Gündogardaky şäherleri almak rus güýçleriniň 60 göteriminiň häzir gündogarda jemlenendigini we olaryň gaýtadan günorta ugradylmagynyň kyndygyny aňladýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Indi ol ýerde Russiýadan getirip boljak başga güýç ýok. Olar Sewerodonetsk we Lisiçansk üçin gaty uly töleg tölediler" diýip, ukrain prezidentiniň geňeşçisi aýtdy.

5-nji iýul güni irden atylan rus raketalary günortadaky Mikolaýiw şäherine, Herson bilen Odesanyň arasyndaky esasy awtoulag ýoluna düşdi diýip, şäher häkimi Oleksandr Senkewiç aýtdy.

Şu aralykdsa, Şweýsariýanyň Lugano şäherinde Ukrainany dikeltmek, täzeden gurmak meselelerine bagyşlanyp geçirilýän iki günlük maslahatda, uruşda weýran edilen ýurduň täzeden gurulmagy üçin, üç basgançakly dikeldiş meýilnamasyna laýyklykda, 750 milliard dollaryň zerur boljakdygy aýdyldy.

Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmygal 4-nji iýulda, halkara konferensiýanyň birinji gününde eden çykyşynda Kiýewiň dikeldiş üçin zerur bolan serişdeleriň aglaba böleginiň rus oligarhlaryndan konfiskasiýa edilen emläklerden gelmelidigine ynanýandygyny aýtdy.

"Bu ganly urşy rus häkimiýetleri başlady. Olar ägirt uly weýrançylyga sebäp boldular we munuň üçin jogapkärçilige çekilmeli" diýip, prezident Wolodymyr Zelenski Kiýewden wideo arkaly eden ýüzlenmesinde aýtdy.

Ol öz ýurdunyň täzeden gurulmagynyň “tutuş demokratik dünýäniň umumy wezipesi bolup durýandygyny” we “döwletleriň ählisine hyzmat etjekdigini” nygtady.

XS
SM
MD
LG