Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň adasy, paýtagtdaky rezidensiýalary we Uşkonyr ýaýlasy. Azatlygyň täze derňewi


Gazagystanyň paýtagtyndaky öňki döwlet rezidensiýalary we Alatau eňňidinde ýerleşýän Uşkonyr ýaýlasyndaky müňlerçe gektar ýer öňki prezident Nursultan Nazarbaýewiň garyndaşlarynyň emlägine öwrüldi. Nur-Soltanda ýerleşýän emeli adadaky käbir köşkler indi "öňki prezidentiň ogullaryna", käbirleri gyzlaryna we olaryň adamylaryna degişlidir. AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň täze derňewinde öňki gazak prezidentiniň we maşgalasynyň ençeme million dollarlyk emläginiň üstüni açyp görkezýär.

Nursultan Nazarbaýew - Gazagystanyň paýtagtynyň baş arhitektory diýip, döwlet propagandasynda aýdylýar. Öňki prezidentiň adyny göterýän şäherde soňky 20 ýylda ýüzlerçe bina guruldy. Olaryň köpüsi döwletiň hasabyna bina edildi.

Şol bir wagtda, Ýesil derýasynyň boýunda gaty gymmat jaýlar we derýadaky emeli adada bolsa, köşkler peýda boldy. Olaryň hemmesi Nazarbaýewler maşgalasynyň eýeçiligindedir we gorag astyndadyr.

Gazagystanyň paýtagtyndaky Ýesil derýasynda ýerleşýän emeli ada
Gazagystanyň paýtagtyndaky Ýesil derýasynda ýerleşýän emeli ada

"Nazarbaýewiň ogullarynyň" öýleri

2004-nji ýylda Akordanyň, ýagny prezidentiň rezidensiýasynyň gurluşygy tamamlanandan soň, Ýesil derýasynda emeli ada döredildi. Onuň resmi ady "Ýaşyl adadyr". Adany, Akordany we Nazarbaýewiň edarasyny ýörite ýol birleşdirýär. Şaýatlaryň sözlerine görä, gurluşyk başlandan soňra bu sebit güýçli gözegçilikler esasynda goralypdyr. Ýöne bu babatda häzir hem ýagdaý üýtgemedi.

Bäş bölüme bölünen adanyň territoriýasy kadastr maglumatlar bazasyna girizilipdir. Onuň umumy meýdany 118 müň 341 inedördül metre ýa-da takmynan 12 gektara barabar. Adada ägirt uly meýdany bolan iň uly köşk 2007-nji ýylda öňki prezident Nursultan Nazarbaýewe sowgat berildi. Adada tennis korty we dikuçar gonar ýaly meýdança bar. Emma häzir onda öňki prezidentiň ýaşaýandygy ýa-da ýaşamaýandygy belli däl.

2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda, ýanwar wakalaryndan soň, Nursultan Nazarbaýew "Gazagystanyň paýtagtynda mynasyp dynç alyşdadygyny we hiç ýere gitmändigini" aýtdy. Resminamalar bu habardan iki gün soň, Nazarbaýewiň köşkleriň birini 17 ýaşly Tauman Nursultanyň adyna geçirendigini görkezýär.

2000-nji ýyllaryň ahyrynda garaşsyz neşirler Nursultan Nazarbaýewiň we onuň "üçünji aýaly" Asel Kurmanbaýewanyň "Tauman we Baýken atly iki oglunyň bardygyny" ýazdylar. Şondan bäri öňki prezident bu maglumatlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

Bu adadaky üç gektardan gowrak ýer prezidentiň edarasyna bölünip berildi. Bu maglumat Nur-Soltan şäheriniň ýer gatnaşyklary bölüminiň geoportalynda görkezilýär. Bölünip berlen ýer maglumatlar bazasynda ýaşaýyş jaýy diýlip atlandyrylýar we onda prezidentiň işini dolandyrýan edaranyň bu ýeriň gurluşygyny amala aşyrýandygy görkezilýär. Sebitde gurluşyk işleri alnyp barylmaýar. Şeýle-de, bu ýerde haýat hem ýok. Azatlyk Radiosy gürrüňi edilýän edara bilen habarlaşanda, edara özüniň resmi maglumatynda "ada bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny we onda jaý gurmak üçin pul bölünip berilmändigini" mälim etdi.

Mundan ozal bu rezidensiýa "Nura" diýlip atlandyrylýardy we Gazagystanyň prezidentine hyzmat edýärdi. Indi bu Nazarbaýewleriň şahsy emlägidir.
Mundan ozal bu rezidensiýa "Nura" diýlip atlandyrylýardy we Gazagystanyň prezidentine hyzmat edýärdi. Indi bu Nazarbaýewleriň şahsy emlägidir.

Adadaky galan ýerler, Tauman Nursultanyň eýeçiligindäki ýerleri goşmanyňda, öňki prezidentiň kiçi oglan dogany Bolat Nazarbaýewiň maşgalasyna degişlidir. Ýanwar wakalaryndan soň, Bolat Nazarbaýew hem öz eýeçiligindäki ýeriň uly bir bölegini ogly we gyzy Nurbol hem-de Kundyz Nazarbaýewleriň adyna geçirdi.

Baryp "Ýaşyl ada" döredilen mahaly, oňa ýanaşyk ýerde derrew ullakan köşk guruldy we onuň töwerek gowy enjamlaşdyryldy. Resmi resminamalara görä, ýedi ýyl ozal bu sebit Gazagystanyň prezidentiniň "Nura" rezidensiýasy diýlip atlandyryldy. Has takygy, bu sebit döwlete degişlidi. Häzir bu rezidensiýa hem Nazarbaýewiň şahsy emlägi hasaplanýar.

Köşk "Emläk dolandyryş müdirligi" arkaly öňki prezidente degişlidir. Bu kompaniýa "Ýolbasy gaznasyna" degişlidir. Gaznany esaslandyryjy Nursultan Nazarbaýewdir.

Rezidensiýadan birneme kiçiräk ikinji jaý hem "Ýolbasy gaznasyna" degişlidir. Üç gektar meýdany tutýan ýer we onuň golaýyndaky jaý Baýken Nursultanyň adyna hasaba alynandyr. Bu emläk onuň adyna 2017-nji ýylda geçirilipdir. Üç jaýyň çäkleri bir diwar bilen berkidilip, onda dikuçaryň gonmagy üçin niýetlenen umumy meýdança bar.

Adanyň töweregindäki köşkler

Bu sebitde işjeň gurluşyk işleri 2010-njy ýylda geçirilip başlandy - biri-birine ýanaşyk ýerleşýän kaşaň jaýlaryň VIP şäherçesi peýda boldy. Olaryň arasynda öňki prezidentiň ýegeni, häzirki wagtda tussaglykda saklanýan Kairat Satybaldynyň köşgi hem bar. Bu ýerdäki meýdanyň göwrümi hem kiçi däl - 31 müň 691 inedördül metr.

Kairat Satybaldy
Kairat Satybaldy

Azatlyk bu desganyň geçen ýyldan bäri Kairat Satybaldynyň 18 ýaşly ogly Ysmaýylyň adyna hasaba goýlandygyny anyklady.

Nur-Soltandaky bu emläk Nursultan Nazarbaýewiň gelni Swetlana Nazarbaýewa degişlidir. 2022-nji ýylyň 14-nji iýuny
Nur-Soltandaky bu emläk Nursultan Nazarbaýewiň gelni Swetlana Nazarbaýewa degişlidir. 2022-nji ýylyň 14-nji iýuny

Onuň garşysynda ýene bir köşk bar - ol Ysmaýylyň enesi - Kairat Satylbaldynyň ejesi Swetlana Nazarbaýewanyň adyna hasaba goýlupdyr. Munuň aňyrsynda 30 müň 251 inedördül metr meýdany bolan ýer ýerleşýär. Bu ýer döwletden kärendesine alynýar. Munuň aňyrsynda uly bir gatly jaý 2020-nji ýylda guruldy.

Umuman alanyňda, öňi ýapyk bir köçede üç öý ýerleşýär: olaryň ikisi Kairat Satybaldynyň ogluna we ejesine degişlidir, üçünjisi Nursultan Nazarbaýewiň kiçi gyzy - Alýa Nazarbaýewa we onuň adamsy Dimaş Dosanowyň adynda hasaba goýlupdyr.

22 müň 324 inedördül metr meýdanda iki kottež bar. Sputnik suratlaryna esaslanyp, olaryň gurluşygynyň bäş ýyl ozal tamamlanandygyny aýtsa bolýar.

Nursultan Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýew bu jaýy “Kipros” kompaniýasynyň üsti bilen eýeleýär. Nur-Soltan, 2022-nji ýylyň 13-nji iýuny
Nursultan Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýew bu jaýy “Kipros” kompaniýasynyň üsti bilen eýeleýär. Nur-Soltan, 2022-nji ýylyň 13-nji iýuny

Ýaşyl adanyň beýleki tarapyndaky ýer - Ýesil derýasynyň sag kenarydyr. Bu territoriýa gazak paýtagtynyň Almaty etrabyna degişlidir. Bu ýerde-de uly köşk bar. Öňler bu ýerde daçalar bardy, häzir olaryň deregine üçünji köşk gurulýar. Bu üç köşk we takmynan 20 gektar ýer öňki prezidentiň ortanjy giýewi Timur Kulibaýewe degişlidir. Ol bu emläklere "Kiprosyň" üsti bilen eýeçilik edýär.

Gazagystanyň öňki baş prokurory Raşid Tusipbekow Nursultan Nazarbaýewiň goňşusydyr.
Gazagystanyň öňki baş prokurory Raşid Tusipbekow Nursultan Nazarbaýewiň goňşusydyr.

Adanyň töweregindäki tas ähli territoriýa Nazarbaýewler maşgalasynyň emlägine öwrüldi. VIP goňşularyň arasynda köp ýyllap ýurduň baş prokurory bolup işlän Raşid Tusupbekow, türmede oturan öňki premýer-ministr Serik Ahmetow we ilat arasynda prezidentlige "gurjak" dalaşgär diýlip atlandyrylan Abilgazy Kusaýnow bar. Emläkleriň bir bölegi olaryň aýallarynyň we çagalarynyň atlarynda hasaba goýlupdyr.

2015-nji ýylda paýtagtyň häkimligi adany we Nazarbaýewiň beýleki rezidensiýalaryny birleşdirýän ýörite ýollary gurmak baradaky taslamany işläp taýýarlady. Taslama "Nura rezidensiýasyndan Araý rezidensiýasyna barýan ýol" diýlip atlandyryldy. Ýöne taslama durmuşa geçirilmedi. Muňa garamazdan, resminamada ikinji rezidensiýanyň koordinatlary görkezilýär.

Bu Nazarbaýewiň eýeçiligindäki daça. Nur-Soltan-Karaganda awtoulag ýolunyň ugrundaky 149 gektar meýdany tutýan we ozal döwlet eýeçiligindäki, emma häzir hususy eýeçilikdäki ýer kadastrdan gizlenýär. Bu territoriýadaky ikinji bina henizem maglumatlar bazasynda görkezilýär. Onuň eýesi Baýken Nursultan diýlip görkezilýär. Rezidensiýa jaýy we onuň gapdalyndaky golf kluby Nazarbaýewiň orta giýewi Kulibaýewe degişli. Ol bu emlägi hem "Kiprosyň" üsti bilen eýeleýär.

Şeýlelik bilen, paýtagtda Nursultan Nazarbaýew we onuň ýakyn garyndaşlary ägirt uly jaýlaryň onlarçasyny we 200 gektar ýeri eýeleýärler. Ilkinji prezident baradaky kanunda, ol işinden aýrylandan soňra oňuň kwartira we daça bilen üpjün edilmelidigi aýdylýar. Muňa garamazdan, döwlet emläkleriniň käbir bölegi 2019-njy ýylyň 19-njy martyndan ozal öňki prezidentiň maşgalasyna geçirildi.

Uşkonyr ýaýlasy nädip öňki prezidentiň maşgalasyna degişli boldy?

"Ile-Alatau" milli seýilgähi bilen serhetleşýän Uşkonyr ýaýlasy, Nazarbaýewiň dogduk obasy Şamalgandan 16 km uzaklykda ýerleşýär. Ol ýere barýan ýol bir wagtlar "Alžan-ana" diýlip atlandyrylan köçeden başlaýar. Alžan öňki prezidentiň ejesiniň ady. Ýoluň iki gapdalynda Bolat Nazarbaýewiň we Anipa Nazarbaýewanyň köşkleri bar. Garawul olaryň ýanwar aýyndan bäri bu ýerde ýaşamaýandygyny aýtdy.

Uşkonyrda Nursultan Nazarbaýewiň ýene bir rezidensiýasy bar. Oňa barýan ýol tekiz bolup, bu ýere gaz geçiriji we elektrik liniýasy çekildi. Ýaýlanyň ortasynda siwilizasiýanyň ähli peýdaly mümkinçilikleri döredilen.

Muňa garamazdan, bu ýoldan rezidensiýa baryp bolmaýar. Sebäbi bu territoriýa ýörite demir derweze we haýatlar bilen ýapylypdyr.

Bu diwaryň aňyrsyndaky müň gektar ýer Nazarbaýewleriň eýeçiligine geçdi. Uşkonyr ýaýlasy Almaty sebitinde ýerleşýär. 2022-nji ýylyň 21-nji iýuny
Bu diwaryň aňyrsyndaky müň gektar ýer Nazarbaýewleriň eýeçiligine geçdi. Uşkonyr ýaýlasy Almaty sebitinde ýerleşýär. 2022-nji ýylyň 21-nji iýuny

Azatlyk Radiosynyň habarçylary beýleki tarapdan rezidensiýa ýakynlaşdylar - munuň üçin olar jülgäniň üsti bilen iki sagatlap atly ýol sökdüler. ​

Uşkonyrdaky rezidensiýa. Bu jaý Nursultan Nazarbaýewiň ýegeni Kairat Satybaldynyň adyna hasapda goýlupdyr.
Uşkonyrdaky rezidensiýa. Bu jaý Nursultan Nazarbaýewiň ýegeni Kairat Satybaldynyň adyna hasapda goýlupdyr.

Bir gatly, ýöne täsirli jaýyň howlusynda ak öý gurlupdyr. Biz Kairat Satybaldynyň Almatydaky öýüniň howlusynda şuňa meňzeş görnüşi gördük. Bu ýerde dikuçar gonmak üçin bir däl, iki sany meýdança bar. Köşk gurulmazdan ozal gurlan bina "Google" kartasynda geçen ýyla çenli "medrese" hökmünde görkezilipdi.

Rezidensiýanyň gabadynda başga bir desganyň gurluşygy hem dowam edýär. Bu ýerde häzirlikçe diňe binanyň demir çarçuwasy dur. Gözegçilik kameralary oturdylypdyr. Howluda adamlar görünmeýär, derwezeler ýapyk.

Uşkonyrdaky rezidensiýanyň suraty
Uşkonyrdaky rezidensiýanyň suraty

Jaýdan dört kilometr uzaklykda kiçijik köl bar. Kölüň kenary dynç almak üçin ähli zerur bolan ähli gurallar we enjamlar bilen üjün edilipdir.

Uşkonyrdaky bu müňlerçe gektar ýer nädip Nazarbaýew maşgalasynyň emlägine öwrüldi?

Uşkonyrda Kairat Satybaldynyň rezidensiýasynyň golaýynda alnyp barylýan gurluşyk
Uşkonyrda Kairat Satybaldynyň rezidensiýasynyň golaýynda alnyp barylýan gurluşyk

"Raýatlar üçin hökümet" döwlet korporasiýasynyň habaryna görä, köşgüň ýerleşýän ýerindäki iki ýeriň we haýat oturdylan başga bir ýeriň eýesi Nazarbaýewiň ýegeni Kairat Satybaldydyr. Rezidensiýanyň gurluşygy tamamlanandan soň, ol sowgat hökmünde Kairat Satylbaldynyň eýeçiligine geçdi. Ozal "medrese" ýerleşen bina bolsa, onuň aýaly Asel Bahtiýarkyzyna degişlidir.

Gurluşygyň alnyp barylýan ýerleri "Steppe AgroMeat" kompaniýasyna degişlidir. Bu hyzmatdaşlyk “Prime Capital RE Karasay” we “Prime Capital Holding” arkaly Bolat Nazarbaýewe degişlidir.

Mundan başga-da, Bolat Nazarbaýew “Prime Capital Holding-iň” golçur kärhanasy bolan “QazAgro Center”, “Steppe AgroMeat” we "Breeding company" arkaly uly ýer böleklerine eýelik edýär. Uşkonyrda Nazarbaýewiň garyndaşlarynyň eýeçiligindäki ýerleriň umumy meýdany azyndan 9147 gektara deň.

Uşkonyr ýaýlasy
Uşkonyr ýaýlasy

Gazagystanyň korrupsiýa garşy göreş gullugy Kairat Satybaldiniň emlägine çäklendirme girizdi. Bu çäklendirmeler Bolat Nazarbaýewiň eýeçiligindäki emläkler babatynda hem ulanylýar. Agentlik Azatlygyň bu barada soran resmi kommentariýasyna takyk jogap bermedi.

Bu derňewi amala aşyran Azatlyk Radiosy, paýtagtdaky döwlet we beýleki rezidensiýalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem Uşkonyrdaky territoriýalaryň nädip olaryň emläklerine öwrülendigini anyklamak üçin Nursultan Nazarbaýewiň edarasy we Bolat Nazarbaýewiň gaznasy resmi ýagdaýda ýüzlendi. Bize resmi taýdan jogap berdiler, ýöne hatlarda takyk soraglara jogap berilmedi. Nazarbaýewiň edarasy "bu meseleler biziň ygtyýarlyklarymyza girmeýär" diýdi. "Salikaly urpak" gaznasy Bolat Nazarbaýewiň onuň esaslandyryjysydygyny tassyklap, özleriniň haýyr-sahawat çärelerini sanamak bilen çäklendi.

Mundan ozal Azatlyk Nazarbaýewleriň Almatydaky köşkleri barada derňew geçiripdi. Şonda öňki prezidentiň maşgalasyna Al-Farabi şaýolunyň ýokarsyndaky Bostandyk etrabynda 135 gektar meýdanyň degişlidigi anyklanypdy.

Aklawçy Gulnara Žuaspaýewa Azatlyk Radiosyna käbir maglumatlary tapmaga kömek etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG