Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýfel diňi poslaýar, ol düýpli abadanlaşdyryşa mätäç


Pariždäki Eýfel diňi
Pariždäki Eýfel diňi

Eýfel diňi poslapdyr, ol düýpli abadanlaşdyryş işlerine mätäç, muňa derek ony 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda gaýtadan reňkleýärler. Bu barada fransuz žurnaly Marianne öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Marianne žurnalyna gowşan gizlin maglumatlara görä, Eýfel diňindäki sep açmalar hem poslama baryp 2014-nji ýylda ýüze çykarylypdyr. 2016-njy ýylda bu demir minarada 884 şikes ýeten bölek hasaba alyndy, olardan 68 sanysy "gurluşyň uzak ýyllyk berkligine töwekgelçilik döredýär".

"Eger Gustaw Eýfel [minarany guran inžener-gurluşykçy] ol ýere baryp gören bolsa, ony ýürek agyry tutardy" diýip, adynyň tutulmazlygyny soran minaranyň müdirlerinden biri ol žurnala mälim edipdir.

Minara indi Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň dowamynda, ýigriminji gezek reňklenýär. Beýik ýadygärligi reňklemek we abadanlaşdyrmak işiniň bahasy 60 million ýewro durýar. Minaranyň üçden bir bölegindäki köne boýagy aýryp, şondan soň oňa täzeden iki gezek reňk çalynmaly edilipdi. Şeýle-de bolsa, COVID-19 pandemiýasy güýjänsoň işiň togtadylmagy we köne reňkde gurşunyň bolmagy sebäpli, minaranyň diňe 5% ýeriniň boýagy doly aýrylmaly boldy.

Žurnalyň sorag geçiren bilermenleri minaradaky köne boýag düýbünden aýrylmaly we diňe şondan soň reňklenmeli, ýogsa köne reňkiň üstünden çalnan täze boýag ulanylmagy poslamagy ýene güýçlendirýär diýip hasap edýärler. Şeýle-de bolsa, diňi dolandyrýan kompaniýalaryň we oňa eýeçiligiň 99%-i Pariž şäher häkimligine degişli bolandygy üçin, syýahatçylyk girdejileriniň ýitmeginden howatyr edip, ýadygärligi uzak wagtlap ýapmak islemeýärler.

  • Belentligi 324 metr, agramy 7300 tonna bolan süýlen demirden gurlan diň 1889-njy ýyldaky Bütindünýä ýarmarkasy üçin guruldy. Açylmazdan ozal ol dört gatlak gurşun ergini bilen örtüldi, häzir şeýle usuly ulanmak gadagan edildi, ýöne ol döwürde poslama garşy iň oňat serişde hasaplanýardy. Eýfeliň özi beýle boýagyň diňiň berkligini uzak wagtlyk saklanmagyny kepillendirýär; "iň esasy-da, poslamanyň öňüni alýar" diýip hasap edipdi.
  • Eýfeliň pikirine görä, bu diň ýigrimi ýyl durmalydy, şondan soň ony söküp aýyrmak mümkindi. Şeýle-de bolsa, seresaplylyk bilen hyzmat edilmegi netijesinde, diň henize çenli-de dur, ol Fransiýanyň nyşanlaryndan biri saýylýar.
  • Eýfel diňine her ýylda 6 million töweregi syýahatçy barýar. Bu Disneýlendden, Luwrdan we Wersal köşgünden soň, Fransiýada iň köp syýahatçy barýan dördünji medeni merkezdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG