“Gazpromyň” ýöriteleşen "Astra-Shipping" logistika kompaniýasynyň baş müdiri, 61 ýaşly Ýuriý Woronow Leningrad sebitiniň Wyborgskiý etrabynda, "Deňiz terraslary" atly elita kottežleri şäherçesiniň çäginde öli tapyldy.
Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, erkegiň jesedi öz emlägindäki basseýnde tapyldy. Ölümiň deslapky sebäbi Woronowyň özüne salan ok ýarasy hasaplanýar. Merhumyň garyndaşlary onuň potratçylar we hyzmatdaşlar bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli köp pul ýitirendigini öňe sürýärler.
“SPARK-Interfaksyň” maglumatyna görä, “Astra-Shipping” kompaniýasynyň 2020-2021-nji ýyllardaky ýigileriniň möçberi 160 million rubl boldy.
Bu ýyl başyndan bäri “Gazprom” korporasiýasy bilen gönüden-göni baglanyşykly ýokary derejeli ýolbaşçynyň dördünji ölümi bolýar. Ýanwar aýynda "Gazprom Invest" kompaniýasynyň baş dolandyryjysy Leonid Şulman Leningrad sebitinde öli tapyldy, fewral aýynda bolsa, “Gazpromyň” korporatiw howpsuzlyk merkeziniň müdiriniň orunbasary Aleksandr Týulýakow öli tapyldy. Bu adamlaryň heläk bolmagynyň resmi düşündirişi, iki ýagdaýda hem, olaryň öz janlaryna kast etmekleri bilen bagly.
Aprel aýynda “Gazprombankyň” öňki wise-prezidenti Wladislaw Awaýew, onuň aýaly we gyzy Moskwada öli tapyldy. Derňewçileriň gelen netijesine görä, batmak howpy astyndaky Awaýew öz ýakynlaryny atyp, soň özüni öldüripdir.