5-nji iýulda Owganystandan atylan bäş raketanyň takmynan 16: 20-de Özbegistanyň serhetýaka sebitine gelip düşendigi aýdylýar. Bu maglumat Daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatynda berildi.
"Bellenilmegi zerur, gelip düşen raketalar ýarylmansoň, adam pidalary we weýrançylyk bolmady” diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda bellenýär.
Termeziň Mažnuntol mähellesinde dört sany hususy jaýa çalarak zeper ýetdi, bäşinji raketa futbol meýdançasyna gelip düşüpdir diýip, daşary syýasat edarasynyň işgärleri aýtdy. “Tapylan raketalar hünärmenler tarapyndan zyýansyzlandyryldy” diýip, DIM-de ynandyrdylar.
Ministrligiň beýanatynda aýdylmagyna görä, Özbegistanyň ygtyýarly wekilleri häzir owgan tarapy bilen bilelikde bolan hadysanyň sebäplerini anyklamak üçin zerur çäreleri görýärler.
Bu wakadan soň özbek ýaragly güýçlerine degişli söweş uçarlarynyň asmana galandygy barada çykan habarlara resmi düşündiriş berilmedi. Şeýle-de, zeper ýeten jaýlaryň birini görkezýän wideo barada resmi düşündiriş ýok.
Ýatladýarys, ýurduň käbir resmi web sahypalarynda we sosial ulgamlarda şu ýylyň aprel aýynda “Yslam döwletiniň” Horasan bölüminiň Özbegistanyň Surhandarýa sebitindäki harby desgalara Owganystandan on sany raketa atandygy habar berildi.
Emma Özbegistanyň prezidentiniň metbugat wekili Şerzod Asadow öz Telegram kanalynda bu habarlary prowokasiýa atlandyryp, düýbünden inkär etdi.