Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Günbatar artilleriýasynyň 'gaty gowy işleýändigini’ aýdýar

Wolodymyr Zelenski, Kiýew, 6-njy iýul.
Wolodymyr Zelenski, Kiýew, 6-njy iýul.

Ukrainanyň prezidenti günbatar hyzmatdaşlaryndan gelip gowşan artilleriýa ýaraglarynyň uruş meýdanynda rus güýçlerine garşy alnyp barylýan söweşe täsir edendigini aýtdy.

"Ahyrynda günbatar artilleriýasynyň, biziň hyzmatdaşlarymyzdan alan ýaraglarymyzyň gaty gowy işleýändigi duýuldy" diýip, Wolodymyr Zelenski 6-njy iýulda eden wideo beýanatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ukrain goşunlary “basybalyjylaryň tyl üpjünçiliginde möhüm rol oýnaýan ammarlara we beýleki desgalara örän gözilginç zarbalary urdular”. “Onsoň bu rus goşunynyň hüjüm etmek mümkinçilikleriniň düýpli peselmegine getirýär” diýip, ol aýtdy.

Ukrain güýçleri häzirki wagtda birnäçe ugurda, şol sanda günortada Herson we Zaporižýa sebitlerinde öňe süýşýär diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba twitterde özüniň we ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň "ABŞ-nyň we beýleki hyzmatdaşlaryň berýän agyr ýaraglarynyň tizden-tiz iberilmegini utgaşdyrmak üçin bilelikde işländigini” dýtdy.

Kuleba Germaniýanyň daşary işler ministri bilen hem şuňa meňzeş gepleşik geçirip, Ukrainanyň öz-özlüginde hereket edýän howitserler we tapgyrlaýyn raketa atýan raketa ulgamlary bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny nygtandygyny aýtdy.

Ukrain resmileri biraz öň, Russiýa Donbasy doly ele geçirmek üçin edýän hüjümini güýçlendirensoň, raýatlaryň Slowýanskdan we Donetsk sebitiniň beýleki ýerlerinden ewakuasiýa edilmegine çagyrdy.

XS
SM
MD
LG