Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garagalpagystanyň durumyny üýtgetmek teklibi kimden çykdy we onuň netijelerine kim jogapkär?


Resmi maglumatlara görä, Garagalpagystan awtonom respublikasynda bildirilen protestler wagtynda azyndan 18 adam öldi, 243-si ýaralandy.
Resmi maglumatlara görä, Garagalpagystan awtonom respublikasynda bildirilen protestler wagtynda azyndan 18 adam öldi, 243-si ýaralandy.

4-nji iýulda Ýewropa Bileleşigi Özbegistany “Garagalpagystanda bolan zorlukly wakalary açyk we garaşsyz ýagdaýda derňemäge” çagyrdy. Brýusseliň resmi beýanatynda prezident Şawkat Mirziýoýewiň ilatyň hödürlenýän konstitusion üýtgetmeler babatyndaky aladalaryna gyssagly reaksiýa görkezendigi gowy garşylandy. ÝB taraplary ýagdaýlaryň mundan beýläkde ýitileşmeginiň we zorluga ýazmagynyň öňüni almak maksady bilen, öz hereketlerinde aňrybaş derejede sabyr-kanagatlylygy görkezmäge çagyrdy.

Bilermenleriň pikiriçe, 1-2-nji iýulda Garagalpagystanyň paýtagty Nukusda turan, parahat ilatyň arasyndan köp sanly ýitgilere getiren, köpçülikleýin protestler prezident Şawkat Mirziýoýewiň dolandyryşyna we onuň “Täze Özbegistan” taslamasyna şu wagta çenli iň uly synag döreden waka boldy.

Bu wakalary yzarlanlaryň ählisi, adaty raýatlardan syýasy bilermenlere çenli, muny “duran ýeriňde büdremek” we “ýok ýerden krizisi döretmek” ýaly aňlatmalar bilen häsiýetlendirdiler.

Garagalpagystanda adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegi we sebitiň ýaşaýjylarynyň berk kontrol astyna alynmagy arasynda, raýat aktiwistleri sosial ulgamlarda “Garagalpagystanyň statusyny üýtgetmek pikiriniň kimden çykandygy we bolan wakalara kimiň jogapkärçilik çekýändigi” baradaky soraglar bilen gyzyklanýarlar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Garagalpagystanyň Ýokary Geňeşinde eden çykyşynda protestler bilen bagly jogapkärçiligi ýerli deputatlaryň üstüne ýükledi.

“Siziň özüňiz munuň başynda durduňyz, siziň özüňiz şu başlangyç bilen çykyş etdiňiz, siziň özüňiz oňa gol goýduňyz, özüňiz çykyş etdiňiz we özüňiz hem ony tassykladyňyz” diýip, prezident Garagalpagystanyň parlamentiniň deputatlaryna we raýat aktiwistlerine ýüzlendi.

Bu aralykda, ýurduň Konstitusiasyna üýtgetmeleri girizmek boýunça komissiýanyň başlygy, şeýle-de özbek häkimiýetleriniň esasy ýuristi Akmal Saýidow protestler başlanandan bäri ýekeje-de beýanat bilen çykyş etmedi.

Şol sebäpli, 26-njy iýunda Garagalpagystanyň durumy boýunça Konstitusiýa üýtgetmeleri girizmek teklibiniň anyk kim tarapyndan orta atylandygy näbelli bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy, Ozodligiň, Özbegistanyň Konstitusion komissiýasyna ýakyn bir çeşmesiniň sözlerine görä, toparyň başlygy Akmal Saýidow Garagalpagystanyň statusy we prezidentlik möhleti bilen baglylykdaky üýtgetmeler boýunça “yhlas bilen tagalla edipdir”. Şol bir çeşme Saýidowyň muny “prezident diwanynyň başlygy Zaýnilobiddin Nizomiddinowyň gönümel tabşyrygy esasynda amal edendigini” hem sözüne goşdy.

Ozodligiň hökümetdäki ýene bir çeşmesi Garagalpagystanyň statusy baradaky üýtgetmeler boýunça aladalaryň entek ýylyň başynda hem gürrüň edilendigini mälim etdi. Çeşmäniň sözlerine görä, “Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek işlerine jogapkär, prezident diwanynyň başlygy Zaýnilobiddin Nizomiddinow bu aladara gulak gabartmandyr”.

Ol bu baradaky howatyrlaryň Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynyň dowamynda hem dile getirilendigini aýtdy.

- Olar “munuň taryhy waka boljakdygy”, şeýle-de “muny Garagalpagystanyň ilatynyň goldajakdygy barada prezidenti ynandyrdylar” diýip, žurnalistler bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan özbek häkimiýetindäki bir çeşme belledi.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynda bu aýdylanlara güwä geçjek hiç bir resmi dokument ýok. Emma žurnalist bilen söhbetdeş bolan bilermenler, Özbegistanda Konstitusiýa üýtgetmeler girizilende, esasy roly, demokratik döwletlerde bolşy ýaly, parlamentiň oýnamaýandygyny, tersine ähli işlere prezident diwanynyň gözegçilik edýändigini bellediler.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy redaksiýanyň bu soraglar boýunça resmileriň kommentariýalaryna açykdygy nygtaýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän ‘Central Asia Due Diligence’ analitiki merkeziň direktory Alişer Ilhamowyň pikiriçe, Garagalpagystanyň statusy baradaky teklip hödürlenen esasy üýtgetme bolman, eýse ol prezidentiň häkimiýet başyndaky möhletini uzaltmak boýunça oýlanyp tapylan ençeme teklipleriň biri bolupdyr. Ol bu teklibi kim orta atan bolsa-da, soňy bilen ähli jogapkärçiligi prezidentiň özüniň çekýändigini belledi.

Garaşsyz synçy Alişer Ilhamow
Garaşsyz synçy Alişer Ilhamow

“Ähli kişi ýurtda ‘konstitusion reforma’ atlandyrylýan proýektiň ýeke bir maksat bilen, ýagny Şawkat Mirziýoýewiň prezidentlik möhletini uzaltmak üçin başladylandygyna düşünýär. Emma olar soňy bilen muny has köp kanunylaşdyrmak we esasy maksady gizlemek üçin, barha köp üýtgetmeleri goşup başladylar. Garagalpagystanyň statusyny üýtgetmek teklibi hem şolaryň biri boldy. Bu başlangyjyň kimden çykandygy mälim däl. Emma resmi nukdaýnazardan seredilende, bu inisiatiwa we beýleki üýtgetmelere Konstitusion komissiýa jogapkärçilik çekýär. Ýöne bu başlangyç köpçülige aýan edilmezinden ozal, bu barada Mirziýoýewe aýdylandygyna we ondan razyçylyk alnandygyna ynanýaryn. Şol sebäpli, bu inisiatiwa we onuň netijelerine, ilkinji nobatda, prezident Mirziýoýewiň jogapkärçilik çekýändigini çaklaýaryn. 1-nji iýuldaky wakalaryň ertesi güni Mirziýoýew bu üýtgetmeleri gün tertibinden aýyrdy. Ýogsa, bu onuň wezipe ygtyýarlyklaryna hem girmeýär. Eger-de bu başlangyç parlament tarapyndan hödürlenen bolsa, ony ýene parlament ýatyrmaly. Emma Mirziýoýew bu karary bilen, Garagalpagystanyň statusyny üýtgetmek baradaky teklibiň, hut özünden çykandygyny boýun aldy” diýip, Alişer Ilhamow Ozodliga aýtdy.

Garaşsyz žurnalist we dokumental kinoçy Şahida Tulýaganowa “Özbegistanda ähli kararlaryň prezident we onuň diwany tarapyndan kabul edilýändigine” ynanýandygyny aýtdy.

Garaşsyz žurnalist we dokumentalçy Şahida Tulýaganowa
Garaşsyz žurnalist we dokumentalçy Şahida Tulýaganowa

“Eger-de Mirziýoýewiň bu başlangyja we onuň netijelerine dahyly ýok bolsa, goý onda ol parlamenti dargatsyn. Parlament ýurtdaky asyl ýagdaýlardan habarsyz bolup, diňe ‘ýokardan’ gelýän inisatiwalary tassyklamak bilen meşgul. Prezident dessine garaşsyz komissiýany döretmeli we bu ýagdaýlara çözgüt tapmaly. Emma Özbegistanda ähli kararlaryň prezident we onuň diwany tarapyndan kabul edilýändigini nazarda tutsak, munuň dogurdan hem ýurt baştutany we onuň administrasiýasy tarapyndan kabul edilendigini doly anyklamak mümkin däl” diýip, Şahida Tulýaganowa aýtdy.

Daşkentdäki ýewropaly bir synçy Garagalpagystanda bolan pajygaly wakalara gönümel Özbegistanyň häkimiýetleriniň jogapkärdigini aýtdy. Ol media serişdeleri bilen gürleşmäge ygtyýarlygynyň ýoklugy sebäpli, şahsyýetini aýan etmezligi sorady.

“Garagalpagystandaky ganly wakalaryň jogapkärçiligini sebitiň awtonomlyk durumyny Konstitusiýadan aýyrmak kararyny kabul eden ýolbaşçylar çekýär. Bu karar näme sebäpden kabul edildi – belli däl. Muny edenler Garagalpagystanyň ilatynyň toplanan nägilelikleri we resmi Daşkende bildirýän şikaýatlary barada habarsyz bolmaly. Ýa-da tersine, bu garagalpaklary özbeklere garşy öjükdirmek üçin edildi. Bularyň haýsysynyň dogrudygyny aýtmak juda kyn. Sebäbi Özbegistanda ilatyň pikirini öwrener ýaly garaşsyz institutlar we sosiologiýa barlag merkezleri ýok. Şol sebäpli, ýurdy dolandyrýanlarda ilatyň ýagdaýy barada asla düşünjesiniň ýokdugy baradaky ähtimallygy hem ortadan aýyryp bolmaýar. Mundan başga-da, konstitusion üýtgetmeler boýunça Garagalpagystanyň jemgyýeti bilen asla konsultasiýa geçirilmedi diýen ýaly. Özbegistanda ilat bilen konsultasiýa prosessiniň ýoklugy – bu bir adaty zat. Emma bu gezek ilatyň pikir-garaýyşlaryny duşdan geçirmegiň pajygaly ýagdaýlary döredip biljekdigine şaýat bolduk” diýip, ýewropaly synçy sözüni ýetirdi.

Makala Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG