Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Şinzo Abe saýlaw kampaniýasy wagtynda tüpeňlenip, agyr ýaralandy we birnäçe sagat soň hassahanada aradan çykdy.
7-nji iýulda bolan waka berk ýarag kanunlary we zorlukly jenaýat derejesiniň pesligi bilen tanalýan Ýaponiýada ýarag zorlugynyň seýrek duşýan mysaly boldy.
Ministrler kabinetiniň baş sekretary Hirokazu Matsuno žurnalistlere 67 ýaşly Abeniň ýerli wagt bilen sagat 11:30 töwereginde tüpeňlenendigini aýtdy.
Polisiýa 41 ýaşly bir adamyň jenaýatda güman edilip saklanandygyny aýtdy.
NHK güman edilýän we Tetsuýa Ýamagami diýlip tanadylan adamyň polisiýa Abeden nägileligini we ony öldürmek isländigini aýdandygyny habar berdi.
“Kýodo” habar gullugy onuň arkasyndan atylandygyny aýtdy.
NHK teleýaýlymy Abeniň keselhanada ýüreginiň durandygyny habar berdi.
Abe 10-njy iýulda mejlisiň ýokarky palatasy üçin geçiriljek saýlawlaryň çäginde kampaniýa alyp barýardy. Onuň partiýasynyň saýlawlarda ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.
Abe 2012-nji ýylyň dekabryndan 2020-nji ýylyň sentýabryna çenli Ýaponiýanyň premýer-ministri bolup işledi we ýurduň iň uzak möhlet saklanan premýer-ministri boldy.