Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly kanun çykaryjy ýiti derman gytçylygy barada duýdurýar

Eýranda bir dermanhana.
Eýranda bir dermanhana.

Eýran parlamentiniň agzasy ýurtdaky derman gytçylygynyň kyn tapgyra baryp ýetendigini we Eýranyň derman senagatynyň çöküşiň bosagasynda durandygyny aýtdy.

Abdul Hossein Rohalmini 6-njy iýulda Eýranyň iň iri derman paýlaýjysy bolan 13 Aban dermanhanalarynda 356 görnüşli derman serişdesiniň ýetmezçilik edýändigini aýtdy. Bu meýil dowam etse, ol ýurduň ýiti derman gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdy.

Parlament mart aýynda derman subsidiýalaryny kesmek boýunça ses berdi. Döwlet mediasy nagt ýetmezçiliginden ejir çekýän eýran hökümetiniň derman subsidiýalaryny azaltmak bilen ýylda 9 milliard dollar töweregi maliýe serişdesini tygşytlajakdygyny habar berdi.

Eýranda köp derman ýerli önüm öndürijiler tarapyndan üpjün edilse-de, derman senagaty üçin zerur bolan çig mal köplenç daşardan import edilýär.

Şeýle-de, Eýranda rak we ýürek keselleri ýaly ölüm howply keselleri bejermek üçin zerur bolan dermanlaryň köpüsi daşary ýurtlardan import edilýär.

Iýunyň ahyrlarynda Eýranyň derman senagaty boýunça kärdeşler arkalaşyklary derman senagatyndaky kyn ýagdaý babatda prezident Ebrahim Raisä duýduryş berdiler we derman önümçilik zynjyrynyň iýul aýyndan başlap, çagşap biljekdigini aýtdylar.

Şeýle-de, Rohalmi häzirki saglyk ministri Iraj Harirçini we ondan öňki saglyk ministrligini hem tankytlady we olar “saglyk syýasatyny durmuşa geçirmekde” goýberen kemçilikleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilmeli diýdi.

XS
SM
MD
LG