Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýol heläkçiliginde bir türkmenistanly aýal öldi we onuň ekiz bäbekleri ýaralandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Sakarýa welaýatynyň Ferizli etrabynda bolan ýol heläkçiliginde bir türkmenistanly aýal öldi we onuň ekiz çagalary hem-de adamysy ýaralandy. Bu barada türk metbugat serişdeleri habar berýärler.

Karasu şäherçesinden Adapazary şäherine barýan 41 AGH 637 belgili awtoulagyň sürüjisi N.A. (41 ýaşly) ulagyň dolandyryşyny ýitiridi. Waka D-650 awtoulag ýolunda, Ferizli Senagat zolagynyň çatrygynda boldy diýlip, sondakika.com neşiriniň 9-njy iýulda çap eden habarynda bellenilýär.

Habarda ulagdaky dört ýolagçynyň, şol sanda sürüjiniň we onuň türkmenistanly aýalynyň (red: habarda onuň ady G.A. (41) görkezilýär) hem-de ekiz bäbekleriniň ýaralanandygy bellenilýär.

"Ferizli etrap döwlet hassahanasyna äkidilen enäni, görlen saglyk çärelerine garamazdan, halas bolup bolmady. Bejergi alýan ekiz bäbekleriň we olaryň kakasynyň saglyk ýagdaýynyň gowudygy anyklandy" diýip, türk neşiri ýazýar.

Türkiýe türkmenistanlylaryň gazanç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Türk resmileriniň maglumatlaryna görä, Türkiýede 241 müň türkmen raýaty ýaşaýar. Ýöne garaşsyz çeşmeler hakyky sanyň birnäçesi esse köpdügini aýdýarlar.

Türk metbugatynda türkmenistanlylar barada ýygy-ýygydan dürli, şol sanda olaryň işleýän ýerlerinde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary ýa-da haýsydyr bir jenaýata baş goşandygy barada habarlar peýda bolýar.

"Döwlet adam üçndir" diýen şygary öňe sürýän türkmen häkimiýetleri Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada habar bermeýärler. Häkimiýetler olar barada türk metbugatynda çykýan habarlar barada hem hiç hili beýanat bilen çykyş etmeýärler.

XS
SM
MD
LG