Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Adamlar menden gaça durýarlar". Täze kanun Täjigistanda diskriminasiýany ýok etmäge kömek edermi?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Täjigistanyň Wahdat şäherindäki bir obanyň ýaşaýjysy, 37 ýaşly Zarrina (ady üýtgedildi) mundan on ýyl ozal daşary ýurtda işläp gelen adamsyndan, WIÇ infeksiýasy ýokaşdy. Lukmanlar ol aýalda bu keseli anyklanyndan soň, onuň durmuşy gara hasrata öwrüldi.

“WIÇ infeksiýasy ýokaşan adama hemmeleriň biri-birini tanaýan obada ýaşamak gaty kyn. Muňa diňe ömründe iň bolmanda bir gezek başgalaryň gözünde ýigrenç we gahar görmeli bolanlar düşünýär. Obadaky hiç bir çärelere meni çagyrmaýarlar. Keselimi bilýän ýakyn garyndaşlarymam menden gaça durýarlar” diýip, Zarrina Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gürrüň berdi.

Täjigistanyň häkimiýetleri jemgyýetdäki ejiz toparlara çydamly garaýşyň bolmalydygy barada, yzygiderli aýdyp gelýärler, emma olaryň hukuklarynyň diskriminasiýa duçar bolýan ýagdaýlaryny hem inkär etmeýärler.

Geçen aýyň ahyrynda Täjigistanyň mejlisiniň aşaky palatasy "Majlisi namoýandagonyň" deputatlary "Deňlik we diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky kanuny" kabul etdiler. Bu kanun Milli Hereket meýilnamasynyň çäginde, BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşiniň agza döwletleriniň 2017-2020-nji ýyllardaky älhliumumy ýagdaýa döwrebap gözegçilik (ikinji döwür) prosedurasy boýunça teklipleri ýerine ýetirmek üçin, işlenip düzüldi.

“Diskriminasiýa sezewar edilen islendik adamyň ýa-da toparyň öz hukuklaryny goramak üçin kazyýet we beýleki döwlet edaralaryna ýüz tutmaga hukugy bar, şeýle hem diskriminasiýa sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini adalatly ýa-da kanagatlanarly dolmaga hukugy bolar" diýip, täze kanunda aýdylýar.

Saidjafar Usmonzoda
Saidjafar Usmonzoda

Mejlisiň aşaky palatasynyň başlygyň orunbasary Saidjafar Usmonzoda Azatlyk Radiosynyň haýyşy boýunça, täze kanun barada düşündiriş berdi hem-de kompensasiýa mukdarynyň we jeza görnüşiniň, hökümetiň teklipleri we kanun normalary göz öňünde tutulyp, Mejlis tarapyndan soň kesgitlenjekdigini aýtdy.

Täjigistanly hukuk goraýjy aktiwistler "Deňlik we diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky kanunyň" kabul edilmegini makullaýarlar we munuň diňe kagyz ýüzünde galmajakdygyna umyt edýärler.

“Täze kanun jemgyýet tarapyndan hukuklary bozulan ähli ejiz toparlary öz içine alar diýip umyt edýäris, şol sanda neşekeşler we jelepler hem olara degişli. Jemgyýet olara baş galdyrmaýar. Diňe şondan soň biz bu kanunyň peýdalary barada aýdyp bileris" diýip, "Raýat azatlyklary ofisi" jemgyýetçilik guramasynyň müdiri Dilrabo Samadowa aýdýar.

Dilrabo Samadowa
Dilrabo Samadowa

BMG-niň ýörite dokladçysy Şiwon Mallalli geçen ýylyň aýagynda Täjigistana sapar etdi. Şol eden saparynyň netijeleri barada, şu ýylyň iýun aýynda çap eden hasabatynda, ýurduň häkimiýetlerine adam söwdasynyň pidalaryna, jynsy azlyklaryň agzalaryna, AIDS keseline ýoluganlara we maýyplara zerur kömek berilmegini maslahat berdi.

Diskriminasiýanyň ähli görnüşiniň ýok edilmegi bilen ilatyň ejiz toparlaryna degişli bolanlar durmuşa başgaça garamaga synanyşarlar diýip, halkara we ýerli bilermenler hasap edýärler. Beýleki tarapdan, olar ilatyň gowşak gatlaklaryna garşy diskriminasiýany ýok etmekde, raýat aktiwistleriniň we ýerli häkimiýetleriň möhüm rolunyň bardygyna ynanýarlar.

Zarrina täze kanunyň özi ýaly adamlaryň hukuklaryny gorar diýen umyt bilen ýaşaýar. Şol bir wagtyň özünde hem, ol kanunyň güýje girizilmeginiň köp ýyllap yza süýşürilmeginden howatyr edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG